GDA-nyň Parlamentara Assambleýasynyň mejlisinde migrasiýa meseleleri ileri tutuldy

BIZNES TÜRKMENISTAN
GDA-nyň Parlamentara Assambleýasynyň mejlisinde migrasiýa meseleleri ileri tutuldy
Taraplar pandemiýa döwründe migrasiýa meselelerini kanunçylyk taýdan düzgünleşdirmegi maslahatlaşdylar. (Surat: GDA)

Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Mejlisiniň wekilleri anna güni Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna (GDA) gatnaşyjy döwletleriň Parlamentara Assambleýasynyň onlaýn görnüşde geçirilen 52-nji mejlisine gatnaşdylar. Onuň barşynda taraplar pandemiýa döwründe migrasiýa meselelerini kanunçylyk taýdan düzgünleşdirmegi we birnäçe kanunlaryň taslamalaryny ara alyp maslahatlaşdylar.

Türkmenistanyň resmi metbugatynyň habar berşi ýaly, onlaýn mejlisiň dowamynda GDA döwletleri üçin Migrasiýa kodeksi bilen bagly meselelere seredildi, “GDA gatnaşyjy döwletlerde çagalaryň saglygyny goramaga bolan hukuklaryny üpjün etmek”, “Raýatlara ruhy taýdan kömek bermek we kömek berlende raýatlaryň hukuklarynyň kepillikleri hakynda”, “Sebitleýin maýa goýum taslamalary hakynda” kanunlaryň taslamalary maslahatlaşyldy.

Habarda bellenilişi ýaly, mejlise gatnaşyjylar pandemiýa meselesine ünsi jemlemek bilen, bu howply wirus keseline garşy göreşmekde hem-de saglygy goraýyş ulgamlarynyň kuwwatyny pugtalandyrmakda, şol sanda lukmançylyk we ylmy diplomatiýa arkaly berkitmekde tagallalary birleşdirmäge ygrarlydyklaryny tassykladylar.

Türkmenistanyň DIM-niň ýolbaşçysy Raşid Meredow 2-nji aprelde Moskwa şäherinde geçirilen Garaşsyz Döwletler Arkalaşygynyň (GDA) Daşary işler ministrleriniň Geňeşiniň mejlisine gatnaşdy.

2022