“Awaza” milli syýahatçylyk zolagy 1-nji iýundan açylýar

BIZNES TÜRKMENISTAN
“Awaza” milli syýahatçylyk zolagy 1-nji iýundan açylýar
Myhmanhanalaryň we kottejleriň umumy meýdanynyň ýarysyny peýdalanmak teklip edilýär.

Hazar deňziniň kenaryndaky “Awaza” milli syýahatçylyk zolagy şu ýylyň 1-nji iýunyndan 15-nji sentýabryna çenli raýatlar üçin açyk bolar. Bu baradaky karar Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň wideoaragatnaşyk ulgamy arkaly anna güni geçirilen mejlisinde kabul edildi.

Türkmenistanyň resmi metbugatynyň habar berşi ýaly, mejlisiň barşynda Saglygy goraýyş we derman senagaty ministri Nurmuhammet Amannepesow Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowa Keselleriň ýaýramagyna garşy göreşýän adatdan daşary toparynyň geçiren mejlisiniň netijeleri barada we şu ýylyň tomus möwsüminde raýatlaryň dynç almaklary üçin şert döretmek boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.

Toparyň mejlisiniň netijeleri boýunça “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda dynç alyş möwsüminiň möhleti şu ýylyň 1-nji iýuny — 15-nji sentýabry aralygy diýlip kesgitlenildi we 1-nji iýundan 15-nji iýun aralygynda myhmanhanalaryň we kottejleriň umumy meýdanynyň ýarysy peýdalanylar.

Mundan başga-da, ministr dynç alyş möwsüminde ýüze çykýan meseleleri dessine çözmek üçin Dolandyryş merkezini döretmek, Hazar deňziniň türkmen kenarynyň bellenen nokatlaryndan suwuň, howanyň we topragyň barlaglaryny meýilnamalaýyn geçirmek teklip edilýändigini belledi.

Milli Liderimiz hasabaty diňläp, “Awaza” milli syýahatçylyk zolagyndaky sagaldyş toplumlaryny tomusky dynç alyş möwsümine doly taýýarlamagyň möhümdigini belledi.

Dünýäde we sebitde COVID-19 ýokanjynyň ýaýramagy bilen baglylykda, Hazar deňziniň kenarynda we Awazada tomus döwründe raýatlar üçin syýahatçylyk, dynç alyş hem-de suwa düşmek çäklendirmeleri 2020-nji ýylyň 15-nji maýynda girizildi.

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022