Dünýäde dörän pandemiýa sebäpli Türkmenistanda Hazaryň kenarynda dynç almak çäklendirilýär

BIZNES TÜRKMENISTAN
Dünýäde dörän pandemiýa sebäpli Türkmenistanda Hazaryň kenarynda dynç almak çäklendirilýär
Keselleriň ýaýramagyna garşy göreşýän adatdan daşary topar Hazaryň kenarynda, Awazada tomus döwründe dynç alşy guramak baradaky meseläni öwrendi.

Türkmenistanda Keselleriň ýaýramagyna garşy göreşýän adatdan daşary toparyň tekliplerine laýyklykda şu ýyl Hazar deňziniň kenarynda we Awazada tomus döwründe raýatlar üçin syýahatçylyk, dynç alyş hem-de suwa düşmek çäklendirildi.

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň anna güni sanly wideoaragatnaşyk arkaly geçiren Ministrler Kabinetiniň mejlisinde saglygy goraýyş we derman senagaty ministri Nurmuhammet Amannepesow adatdan daşary toparyň çözgüdi barada hasabat berdi.

“Ýurdumyzda koronawirus ýokanjy bilen bagly ýekeje ýagdaý hem hasaba alynmady – munuň özi örän nusgalyk mysal bolup, onuň özeninde, ilkinji nobatda, ýurdumyzda 1995-nji ýyldan bäri maksada laýyk alnyp barylýan giň gerimli işler durýar” diýip, Amannepesow belledi.

Ministr topar tarapyndan Hazaryň kenarynda, Awazada hem-de ýurduň welaýatlarynda tomus döwründe syýahatçylygy we dynç alşy guramak baradaky meseläniň jikme-jik öwrenilendigini aýtdy.

Toparyň agzalary dünýäde we sebitde ýiti ýokanç keseliniň ýaýramagy bilen baglylykda, çylşyrymly epidemiologiýa ýagdaýy nazarda tutup, şeýle hem koronawirusyň ösüşiniň ikinji tapgyryna garaşylýandygy baradaky ylmy çaklamalara laýyklykda, Awazada tomus möwsüminde köpçülikleýin çäreleriň geçirilmegini hem-de Hazaryň kenarýaka zolagynda suwa düşülmegini çäklendirmegi maksada laýyk hasapladylar.

Hasabaty diňläp, Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow “Keselleriň ýaýramagyna garşy göreşýän adatdan daşary toparyň tekliplerine eýermek zerurdyr” diýip belledi.

“Biz raýatlarymyzyň asuda we sagdyn ýaşamagy, kesellemezligi üçin geljekde hem ähli zerur çäreleri göreris” diýip, türkmen Lideri aýtdy.