Türkmenistanda goýumly oýunlar üçin “Altyn bedew” kompaniýasy dörediler

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkmenistanda goýumly oýunlar üçin “Altyn bedew” kompaniýasy dörediler
Şu ýylyň 19-25-nji aprel aralygynda Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli Aşgabatda baýramçylyk çäreleri geciriler.

“Goýumly oýunlar, hyzmatlar we üpjünçilik” döwlet kärhanasynyň guramaçylyk-hukuk görnüşi üýtgedilip, ol “Altyn bedew” ýapyk görnüşli paýdarlar jemgyýetine öwüriler.

Türkmenistanyň resmi metbugatynyň habar berşine görä, Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow bu baradaky degişli Karara anna güni “Oguzkent” myhmanhanasynda geçirilen Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň XI mejlisiniň barşynda gol çekdi.

Habarda bellenişi ýaly, “Altyn bedew” ýapyk görnüşli paýdarlar jemgyýetini esaslandyryjy hökmünde “Türkmen atlary” döwlet birleşiginiň Halkara ahalteke atçylyk sport toplumyna — esaslyk maýadaky paýy 60% möçberde paýly gatnaşmaga ygtyýar berildi.

Mejlisiň dowamynda wise-premýer Esenmyrat Orazgeldiýew 19-25-nji aprel aralygynda Türkmen bedewiniň milli baýramy we Türkmen alabaýynyň baýramy mynasybetli Aşgabatda geçiriljek baýramçylyk çäreleriniň maksatnamasy barada hasabat berdi.

Şeýle hem, Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň nobatdaky mejlisini 2022-nji ýylyň aprel aýynda Aşgabatda geçirmek bellenildi we degişli çözgüde gol çekildi.

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň şu ýylyň 15-nji martynda geçiren iş maslahatynyň barşynda wise-premýer Esenmyrat Orazgeldiýew atçylyk pudagyny döwrebaplaşdyrmak we girdejilerini ýokarlandyrmak maksady bilen, at çapyşyklarynda goýumly oýunlary, ýagny totalizator oýunlaryny geçirmek üçin ýörite programma üpjünçiliginiň we onuň mobil goşundysynyň taýýarlanandygyny habar berdi.