Türkmenistan “Wyşegrad topary – Merkezi Aziýa” ýurtlarynyň maslahatyna gatnaşdy

Türkmenistan “Wyşegrad topary – Merkezi Aziýa” ýurtlarynyň maslahatyna gatnaşdy
“Wyşegrad” toparyna Polşa, Çehiýa, Slowakiýa we Wengriýa ýurtlary girýär.

“Wyşegrad topary – Merkezi Aziýa” formatynda penşenbe güni sanly wideoaragatnaşyk ulgamy arkaly daşary işler ministrleriniň orunbasarlarynyň maslahaty geçirildi. Onuň dowamynda diplomatlar Merkezi Aziýa (MA) ýurtlary üçin COVID-19 pandemiýasynyň ykdysady we durmuş netijelerini, şeýle-de Ýewropa Bileleşiginiň (ÝB) Merkezi Aziýa üçin Strategiýasynyň durmuşa geçirilişini ara alyp maslahatlaşdylar.

Türkmenistanyň daşary syýasat edarasynyň habar berşine görä, onlaýn maslahata Polşanyň, Çehiýanyň, Slowakiýanyň, Wengriýanyň, Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Täjigistanyň we Özbegistanyň daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylarynyň orunbasarlary gatnaşdylar. Türkmen wekiliýetine bolsa Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Wepa Hajiýew ýolbaşçylyk etdi.

Çykyşynyň barşynda W.Hajiýew Türkmenistan COVID-19 ýokanjynyň ýaýramagy bilen bagly töwekgelçilikleriň ýüze çykmagynda BMG we onuň ýöriteleşdirilen edaralary we agentlikleri bilen, ilkinji nobatda Bütindünýä saglygy goraýyş guramasy (BSGG) bilen ysnyşykly gatnaşyklary ýola goýandygyny nygtady. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanda rus hem-de daşary ýurtlaryň koronawirus ýokanjyna garşy sanjymlarynyň ençemesi hasaba alyndy we ilatyň köpçülikleýin sanjymy başlandy.

Mundan başga-da, Wyşegrad toparynyň we Merkezi Aziýa ýurtlarynyň hyzmatdaşlygynyň geljegi uly we özara kabul ederlikli ugurlary babatynda pikirler alşyldy.

Şu nukdaýnazardan, “Wyşegrad topary – Merkezi Aziýa” gepleşiginiň çäklerinde senagat toplumy, ulag, söwda we medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlyk türkmen tarapy üçin geljegi uly ugurlaryň hatarynda kesgitlenildi.

Şeýle-de halkara ulag geçelgeleriniň döredilmegi we olaryň giň mümkinçilikleriniň bu formatyň ýurtlarynyň arasyndaky özara hereketleriň aýratyn ulgamy emele getirip biljekdigi hem bellenilip geçildi.

“Wyşegrad” toparyna Polşa, Çehiýa, Slowakiýa we Wengriýa ýurtlary girýär. 2018-nji ýylyň fewral aýynda Budapeştde (Wengriýa) “Wyşegrad topary – Merkezi Aziýa” ýurtlarynyň daşary işler ministrleriniň ilkinji duşuşygy geçirildi.

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022