Türkmenistanyň Prezidentiniň kakasy Mälikguly Berdimuhamedow aradan çykdy

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkmenistanyň Prezidentiniň kakasy Mälikguly Berdimuhamedow aradan çykdy
Mälikguly Berdimuhamedow 1932-nji ýylyň 12-nji awgustynda Gökdepe etrabynda doguldy.

Mübärek Remezan aýynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň kakasy Mälikguly Berdimuhamedow ýekşenbe güni 89 ýaşynyň içinde aradan çykdy. Bu ajy habar türkmen halky tarapyndan uly gynanç bilen kabul edildi.

Mälikguly Berdimuhamedow 1932-nji ýylyň 12-nji awgustynda Gökdepe etrabynyň 1-nji Birleşik obasynda doguldy.

Mälikguly Berdimuhamedowyň çagalyk döwri geçen asyryň gazaply uruş ýyllaryna gabat geldi. Ol şu obadaky mekdebiň soňky ýyllarynda okaýan döwründe kakasynyň hünärini dowam edip, 1950-nji ýyldan başlap mekdepde ilki kitaphanaçy, soňra başlangyç synp mugallymy bolup işledi.

Habarda bellenilişi ýaly, Mälikguly Berdimuhamedow 1958-nji ýylyň iýun aýyndan 1982-nji ýyla çenli Içeri işler ministrliginiň Daşoguz, Mary we Aşgabat şäher bölümlerinde toparyň serkerdesi, otrýadyň başlygy, nobatçylyk bölüminiň we işgärler bölüminiň ýolbaşçysy, ştabyň başlygy wezipelerinde işledi.

Şeýle hem, Mälikguly Berdimuhamedow 1982-nji ýylda podpolkownik harby derejesi bilen hormatly dynç alşa çykansoň, ol köp ýyllaryň dowamynda ýaşlara bilim-terbiýe bermek işinde zähmet çekdi.

Mundan başga-da, 2012-nji ýylyň fewral aýynda Türkmenistanyň Mejlisiniň Karary bilen paýtagtymyzdaky 1001-nji harby bölüme bu ugurda nusgalyk işleri bitiren we görelde mekdebine öwrülen Mälikguly Berdimuhamedowyň ady dakyldy.

Watanyň wepaly ogly Mälikguly Berdimuhamedow hakyndaky ýatlamalar biziň kalplarymyzda ebedilik saklanar.

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022