Türkmenistan BIEG-niň Patent boýunça kanun şertnamasyna goşuldy

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkmenistan BIEG-niň Patent boýunça kanun şertnamasyna goşuldy
Daren Tang Türkmenistanyň Patent boýunça kanun şertnamasyna goşulan 43-nji ýurt bolandygyny belledi.

Ženewadaky Bütindünýä intellektual eýeçilik guramasynyň (BIEG) baş edara binasynda duşenbe güni BIEG-niň direktory Daren Tanga Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan gol çekilen Patent boýunça kanun şertnamasyna goşulyşmak hakynda resminamasyny gowşurmak dabarasy geçirildi.

Türkmenistanyň resmi metbugatynyň habar berşine görä, dabaranyň dowamynda BMG-niň Ženewadaky edarasynyň ýanyndaky Türkmenistanyň Hemişelik wekili Atageldi Haljanow Türkmenistanyň BIEG ýaly abraýly halkara guramalary bilen netijeli gepleşiklere ygrarlydygyny belläp geçdi.

Öz gezeginde, BIEG-niň direktory Türkmenistanyň intellektual eýeçilik ulgamyny ösdürmegiň 2021-2025-nji ýyllar üçin Maksatnamasyny işläp düzmek boýunça gurama bilen Türkmenistan hökümetiniň arasynda bilelikdäki işiniň ähmiýetini belledi.

Şeýle-de Daren Tang Türkmenistanyň Patent boýunça kanun şertnamasyna goşulan 43-nji ýurt bolandygyny belläp, ýurduň goşulyp biljek beýleki BIEG resminamalaryna degişlilikde ähli kömegi bermäge taýýardygyny aýtdy.

Türkmenistan 1991-nji ýylda BIEG-niň doly ygtyýarly agzasy boldy we häzirki wagtda guramanyň 26 resminamasynyň 13-sine gatnaşýar.

Patent boýunça kanun şertnamasy (PLT) 2000-nji ýylyň 1-nji iýunynda Şweýsariýanyň Ženewa şäherinde gol çekildi. Bu şertnama patent arzasy üçin resminama tabşyrmagyň senesini almak, patent arzasynyň görnüşi, mazmuny we wekilçiligi ýaly resmi proseduralary sazlaşdyrmagy maksat edinýär.