Eýranyň Hazarýaka döwletleri bilen söwda dolanyşygy $2,5 milliarddan geçdi

BIZNES TÜRKMENISTAN
Eýranyň Hazarýaka döwletleri bilen söwda dolanyşygy $2,5 milliarddan geçdi
Bandar-e Anzali porty, Eýran (Surat: PMO)

Eýranyň dört sany Hazarýaka döwletleri, ýagny Türkmenistan, Azerbaýjan, Russiýa we Gazagystan bilen nebit däl söwda dolanyşygy 2019-njy ýylyň martyndan 2020-nji ýylyň mart aýy aralygynda 2 milliard 525 million ABŞ dollaryna barabar boldy. Bu barada Eýranyň gümrük gullugynyň (IRICA) metbugat sekretary Seýid Rouhollah Latifiň duşenbe güni aýdanlaryna salgylanyp, “IRNA” agentligi habar berdi.

Seýid Rouhollah Latifi söwda edilen harytlaryň 6 million 242 müň tonna barabar bolandygyny aýtdy. Şol döwürde Eýranyň dört ýurda eksport eden nebit däl harytlarynyň agramy 3 million 125 müň tonna deň bolup, olaryň umumy möçberi 1 milliard 856 million ABŞ dollaryna barabar boldy. Eýranyň nebit däl harytlarynyň köpüsini Azerbaýjan (510 million 9 müň ABŞ dollaryndan gowrak), soňra Russiýa (504 million ABŞ dollaryndan gowrak), Gazagystan (168 million ABŞ dollary töweregi) we Türkmenistan (137 million 4 müň ABŞ dollaryndan gowrak) satyn aldy.

Eýranyň gümrük gullugynyň maglumatlaryna görä, şol döwürde Eýran umumy bahasy 1 milliard 200 million ABŞ dollaryna barabar bolan 3 million 100 müň tonnadan gowrak nebit däl harytlary import edipdir. Russiýa agramy 2 million 900 müň tonna deň bolan harytlary bilen (1 milliard 70 müň ABŞ dollaryndan gowrak) birinji ýerde durýar.

Gümrük gullugynyň resmisi Eýranyň 4 sany Hazarýaka döwletleri bilen söwda balansynyň 117 million ABŞ dollaryndan geçendigini aýtdy.

2019-njy ýylyň martyndan 2020-nji ýylyň mart aýy aralygynda Eýranyň nebit däl söwdasynyň umumy bahasy 73 milliard ABŞ dollaryna deň boldy.

2022