GS1 GTIN kodunyň täze düzgünlerini girizer

BIZNES TÜRKMENISTAN
GS1 GTIN kodunyň täze düzgünlerini girizer
GTIN (Global söwda elementiniň belgisi) logistiki birlikleri hasaba almak üçin halkara bellik kodudyr.

“GS1 in Europe” Sebitleýin bileleşigiň müdiriýetiniň geňeşiniň 21–22-nji aprel aralygynda wideoaragatnaşyk ulgamy arkaly maslahaty geçirildi. Onuň dowamynda taraplar 2022-nji ýylyň 1-nji iýulynda durmuşa geçirilmegi meýilleşdirilýän GTIN (Global söwda elementiniň belgisi) kodunyň dolandyrylyşynyň täze düzgünlerini ara alyp maslahatlaşdylar.

“GS1 Türkmenistan” saýtynda habar berlişi ýaly, maslahata 48 sany milli guramalaryň ýolbaşçylary bilen birlikde Türkmenistanyň Çyzykly şertli belgiler boýunça Milli guramasynyň başlygy Aýkamar Mälikgulyýewa hem gatnaşdy.

Mundan başga-da, onlaýn maslahata gatnaşyjylar sebit we dünýä derejesinde GS1 işiniň mehanizmlerini kämilleşdirmegi, çyzykly şertli belgileri ulanmagyň netijeliligini ýokarlandyrmagyň mümkinçiliklerini we birnäçe guramaçylyk meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar.

Sebitdäki milli guramalaryň wekilleri öz işleriniň esasy ugurlary hem-de belli ýurtlarda GS1 standartlaryny öňe sürmek bilen baglanyşykly derwaýys meseleler barada maglumat berdiler.

GS1 bütin dünýäde kompaniýalara önümçilikden satyn alyja ýetirmek boýunça global ölçege getirilen standartlary we çözgütleri netijeli peýdalanmak arkaly öz telekeçilik işini ynamly alyp barmaga kömek edýän halkara guramadyr.

GTIN (Global söwda elementiniň belgisi) logistiki birlikleri hasaba almak üçin halkara bellik kodudyr. Ol GS1 tarapyndan işlenip düzüldi we şol gurama tarapyndan goldanylýar.