Aşgabadyň notarial edarasy onlaýn bellige alyş goşundysyny ýola goýdy

BIZNES TÜRKMENISTAN
Aşgabadyň notarial edarasy onlaýn bellige alyş goşundysyny ýola goýdy
Goşundy raýatlara edilýän hyzmatlaryň hilini ýokarlandyrmak maksady bilen girizildi.

Aşgabat şäher döwlet notarial edarasy raýatlaryň amatlylygy üçin “Notarial Online Nobat” mobil goşundysyny ýola goýdy. Bu barada “ORIENT.tm” ýekşenbe güni habar berdi.

Habarda bellenilişi ýaly, bu mobil goşundysynyň kömegi bilen paýtagtymyzdaky notarial edarasynyň gerekli bölümine öýden çykman ýazylyp bolýar. Onuň üçin müşderi diňe ady, familiýasy hem-de telefon belgisini görkezmelidir.

Ýazylşykdan soň SMS arkaly nobat belgisi bilen birlikde elektron QR kody gelýär. QR kodunyň kömegi bilen elektron turniketlerinden notariusyň otaglaryna geçip bolýar.

Bu hyzmat onlaýn görnüşde müşderä öz nobatyny yzarlamaga mümkinçilik berýär. Mundan başga-da, nobatyň ýakynlaşmagy barada awtomatiki usulda müşderiniň telefon belgisine SMS habary gelip gowuşýar.

Mobil goşundysy häzirlikçe diňe türkmen dilinde elýeterli bolup, “Google Play” arkaly öýjükli telefonlara ýükläp bolýar. Goşundynyň içinde “Nobat al”, “Häzirki nobaty bil” hem-de “Meniň nobatlarym” ýaly bölümler bar.

Aşgabat şäher döwlet notarial edarasynyň ýolbaşçylarynyň aýtmagyna görä, bu täze goşundy nobaty hasaba alyş amallaryny ýönekeýleşdirmek we hukuk gullugynyň işgärleriniň hem-de gurama ýüz tutýanlaryň işini ýeňilleşdirmek, şeýle hem raýatlara edilýän hyzmatlaryň hilini ýokarlandyrmak maksady bilen girizildi