Wladimir Putin türkmen wekiliýetini Ýewraziýanyň hökümetara geňeşiniň mejlisine gatnaşmaga çagyrdy

BIZNES TÜRKMENISTAN
Wladimir Putin türkmen wekiliýetini Ýewraziýanyň hökümetara geňeşiniň mejlisine gatnaşmaga çagyrdy
Russiýanyň Tatarystan Respublikasynyň Kazan şäheri

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň hem-de Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putiniň arasynda duşenbe güni telefon arkaly söhbetdeşlik geçirildi. Onuň barşynda rus tarapynyň ýokary wezipeli türkmen wekiliýetiniň 29-30-njy aprelde Kazan şäherinde geçiriljek Ýewraziýanyň hökümetara geňeşiniň mejlisine hormatly myhman hökmünde gatnaşmagyna ýokary baha berýändigi bellenildi.

Türkmenistanyň resmi metbugatynyň habar berşi ýaly, Döwlet Baştutanymyz çakylyk üçin minnetdarlyk bildirip, forumyň işine gatnaşmak üçin Türkmenistanyň wise-premýeriniň derejesinde ýokary wezipeli wekiliýetiň iberiljekdigini aýtdy.

Şeýle hem, söhbetdeşligiň dowamynda taraplar şu ýyl tomusda geçiriljek ikinji Hazar ykdysady forumynyň hem-de güýzde geçirilmegi meýilleşdirilen Hazarýaka döwletleriň Baştutanlarynyň sammitiniň iki ýurduň arasyndaky we tutuş sebitdäki dostlukly gatnaşyklary berkitmek hem-de giňeltmek üçin gowy esas bolup hyzmat etjekdigi baradaky pikiri makulladylar.

Mundan başga-da, Russiýanyň Baştutany koronawirus ýokanjyna garşy göreşmekde hyzmatdaşlygyň we özara goldawyň oňyn häsiýetini kanagatlanma bilen belläp, Milli Liderimize Türkmenistanyň daşary döwletleriň içinde ilkinjileriň biri bolup, Russiýada öndürilen wirusa garşy sanjymy hasaba alandygy üçin hoşallyk bildirdi. Şeýle-de Türkmenistanyň Astrahana iberen ynsanperwer ýüki üçin hoşallyk sözleri beýan edildi.

Söhbetdeşligiň soňunda ýolbaşçylar iki ýurduň öňde boljak duşuşygyň ikitaraplaýyn hem-de köptaraplaýyn görnüşde özara bähbitli hyzmatdaşlyk üçin täze mümkinçilikleri açjakdygyna berk ynam bildirdiler.