ÝYB ýurtlary üçin umumy gaz bazary barada ylalaşyk taslamasy düzüldi

BIZNES TÜRKMENISTAN
ÝYB ýurtlary üçin umumy gaz bazary barada ylalaşyk taslamasy düzüldi
Umumy gaz bazary gaz söwdasynyň düzgünleriniň birleşdirilmegini göz öňünde tutýar.

Ýewraziýa Ykdysady Komissiýasy (ÝYK) umumy gaz bazary baradaky ylalaşygyň taslamasyny Ýewraziýa Ykdysady Birleşmesiniň (ÝYB) agza ýurtlaryna iberdi. Bu barada “TASS” agentligi duşenbe güni habar berdi.

Habarda bellenilişi ýaly, bu resminama bileleşigiň agza ýurtlary bolan Ermenistana, Belarusa, Gazagystana, Gyrgyzystana we Russiýa iberildi. Bu meseläniň Ýewraziýa Ykdysady geňeşiniň mejlisinde gozgaljakdygy sebäpli, ady agzalan ýurtlardan taslamanyň içerki tassyknamasyny çaltlaşdyrmak teklip edildi. Taslamany indiki ýyl tassyklamak we 2025-nji ýyldan başlap umumy gaz bazaryny ýola goýmak meýilleşdirilýär.

Türkmenistanyň resmi metbugatynyň sişenbe güni habar berşi ýaly, Türkmenistan ÝYB-nyň agzasy däldigine garamazdan bileleşigiň agza ýurtlary bilen ýakyn ykdysady we şol sanda gaz söwdasy bazarynda hyzmatdaşlygy ösdürýär. Hususan-da, türkmen tebigy gazyny satyn alýan Russiýa Türkmenistanyň gaz pudagynda möhüm hyzmatdaşy bolup çykyş edýär.

Bilermenleriň çaklamalaryna görä, ÝYB-da umumy gaz bazarynyň döredilmegi Türkmenistan bilen bileleşigiň ýurtlarynyň ýangyç-energetika pudagynda hyzmatdaşlygynyň ösmegine goşant goşar.

Umumy gaz bazary gaz söwdasynyň düzgünleriniň birleşdirilmegini, bahalaryň we nyrhlaryň birmeňzeş emele gelmeginiň durmuşa geçirilmegini, agza ýurtlaryň gaz pudagynyň kanunçylygyny kadalaşdyrmagyny, şeýle hem gaz geçelgesi ulgamy üçin ýeke-täk elýeterlilik düzgünlerini göz öňünde tutýar.

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022