ÝB-BSGG taslamasynyň çäginde Türkmenistana 10 müňe golaý PRZ testleri gowşuryldy

BIZNES TÜRKMENISTAN
ÝB-BSGG taslamasynyň çäginde Türkmenistana 10 müňe golaý PRZ testleri gowşuryldy
Polimeraz zynjyrly reaksiýasynyň (PZR) testleriniň Türkmenistandaky wirus anyklaýyş barlaghanasyna gowşurylyş dabarasy. (Surat: ÝB-nyň Türkmenistandaky wekiliýeti)

Bütindünýä saglygy goraýyş guramasynyň (BSGG) Türkmenistandaky edarasy Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň Jemgyýetçilik saglygy we iýmit merkeziniň wirus anyklaýyş barlaghanasyna 10 müňe golaý Polimeraz zynjyrly reaksiýasynyň (PZR) testlerini gowşurdy.

Ýewropa Bileleşiginiň (ÝB) Türkmenistandaky wekiliýetiniň sişenbe güni metbugat beýanatyna görä, PZR testleriniň gowşurylmagy ÝB-niň we BSGG-niň Merkezi Aziýa ýurtlary üçin COVID-19 çökgünligine garşy göreş boýunça bilelikdäki taslamasynyň çäklerinde amala aşyryldy.

Gowşurmak dabarasy BSGG-niň Türkmenistandaky wekili doktor Tasnim Atatra bilen ÝB-niň Türkmenistandaky wekiliýetiniň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Diego Ruiz Alonso tarapyndan alnyp baryldy. Şeýle hem, ÝB-niň ilçisi Jemgyýetçilik saglygy we iýmit merkeziniň müdiri Azat Öwezow bilen hyzmatdaşlygyň geljegini ara alyp maslahatlaşdy.

“Saglygy goraýyş pudagynyň ösüşi tutuş ýurduň ösmegi üçin möhüm orun eýeleýär. ÝB maliýeleşdirýän taslamalarynyň üsti bilen türkmen halkynyň ýaşaýyş derejesiniň durnuklylygyny we umumy ösüşini üpjün etmek isleýär” diýip, Ilçi Diego Ruiz Alonso belledi.

Azat Öwezow hem öz gezeginde ÝB tarapyndan maliýeleşdirilen SARD III taslamasy arkaly hyzmatdaşlygyň labaratoriýa üçin bähbitli bolandygyny aýtdy. Bu taslama laboratoriýanyň test ulgamyny kämilleşdirmäge kömek etdi. Azyk önümleriň hilini tassyklamak üçin hem täze 10 sany test ýola goýuldy.

BSGG-nyň maglumatlaryna görä, Türkmenistanda koronawirus keseli ýüze çykandygy bellige alynmady.

2020-nji ýylyň aprel aýynda Türkmenistan COVID-19 ýokanjyna garşy taýýarlygy we dessin çäreleriň görülmegini üpjün etmegiň meýilnamasynyň taslamasyny işläp düzdi. Resminamanyň esasy maksady Türkmenistana ýokanjyň aralaşmagynyň öňüni almakdan ybaratadyr.

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022