Gurbanguly Berdimuhamedow Gazagystanyň Prezidentini Türkmenistana sapara çagyrdy

BIZNES TÜRKMENISTAN
Gurbanguly Berdimuhamedow Gazagystanyň Prezidentini Türkmenistana sapara çagyrdy
Milli Liderimiz Gazagystanyň Türkmenistanyň Merkezi Aziýadaky esasy hyzmatdaşydygyny belläp geçdi.

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Gazagystanyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýew bilen sişenbe güni geçiren telefon arkaly söhbetdeşliginiň barşynda öz kärdeşini ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň derwaýys meselelerini ara alyp maslahatlaşmak we möhüm şertnamalara gol çekmek üçin Türkmenistana sapar amala aşyrmaga çagyrdy. Bu barada Gazagystanyň Prezidentiniň resmi saýty habar berdi.

Iki döwletiň Baştutanlary türkmen-gazak köptaraplaýyn hyzmatdaşlygyny ösdürmegiň mümkinçiliklerini, iki döwletiň arasyndaky dostlukly gatnaşyklary berkitmek we strategiki hyzmatdaşlygy mundan beýläk ösdürmegiň geljegi barada pikir alyşdylar.

Kasym-Žomart Tokaýew Gazagystanyň Türkmenistan bilen iki ýurduň halklarynyň bähbidine köptaraplaýyn gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmäge taýýardygyny mälim etdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hem öz gezeginde Gazagystanyň Türkmenistanyň Merkezi Aziýadaky esasy hyzmatdaşydygyny belläp geçdi.

Prezidentler özara söwdanyň göwrümini artdyrmak, senagat, oba hojalygy, energetika, ulag we logistika pudaklarynda taslamalary durmuşa geçirmek üçin Gazagystanyň we Türkmenistanyň tagallalaryny birleşdirmäge taýýardyklaryny tassykladylar.

Şeýle hem, taraplar iki ýurduň arasyndaky hyzmatdaşlyga goşmaça itergi bermek üçin şu ýyl Hökümetara toparynyň mejlisini geçirmek barada ylalaşdylar.

Prezident Kasym-Žomart Tokaýew Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa kakasynyň ýakynda aradan çykmagy bilen baglanyşykly çuňňur gynanjyny bildirdi.

2022