Özbegistanyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew Türkmenistana iş saparyny amala aşyrar

BIZNES TÜRKMENISTAN
Özbegistanyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew Türkmenistana iş saparyny amala aşyrar
Özbegistanyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew (Surat: Özbegistanyň Prezidentiniň resmi metbugaty)

Özbegistanyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow bilen gepleşikleri geçirmek üçin penşenbe güni Türkmenistana iş saparyny amala aşyrar.

Gepleşikleriň dowamynda türkmen-özbek dostlukly, hoşniýetli goňşuçylyk we strategiki hyzmatdaşlygy has-da pugtalandyrmak, köptaraplaýyn hyzmatdaşlygy hem-de sebitara gatnaşyklary giňeltmek meselesi ara alnyp maslahatlaşylar. Bu barada Özbegistanyň Prezidentiniň resmi metbugaty penşenbe güni habar berdi.

Iki ýurduň ýolbaşçylary Türkmenistanyň Prezidentiniň kakasy Mälikguly Berdimuhamedowyň hatyrasyna bagyşlanan çärelere gatnaşarlar.

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Özbegistanyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýewiň arasynda geçen ýylyň 30-njy dekabrynda telefon arkaly söhbetdeşlik geçirildi. Onuň dowamynda taraplar köpugurly hyzmatdaşlygy giňeltmek, iki ýurduň hem-de tutuş sebitiň ykdysady taýdan gülläp ösmeginiň maksatlaryna laýyk gelýän bilelikdäki giň möçberli täze taslamalary durmuşa geçirmek üçin uly mümkinçilikleriň bardygyny bellediler.