Türkmenistanyň we Türkiýäniň Prezidentleri birnäçe ugurlar boýunça pikir alyşdylar

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkmenistanyň we Türkiýäniň Prezidentleri birnäçe ugurlar boýunça pikir alyşdylar
Söhbetdeşligiň dowamynda taraplar iki ýurduň mizemez doganlyk gatnaşyklaryna ygrarlydygyny tassykladylar.

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň hem-de Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdoganyň arasynda çarşenbe güni telefon arkaly söhbetdeşlik geçirildi. Onuň barşynda taraplar iki ýurduň mizemez doganlyk gatnaşyklaryna ygrarlydygyny tassyklap, geljekde hem ileri tutulýan ugurlar boýunça netijeli gatnaşyklary has-da giňeltmek üçin ähli tagallalaryň ediljekdigini bellediler.

Türkmenistanyň resmi metbugatynyň habar berşi ýaly, Türkiýäniň we Türkmenistanyň Döwlet Baştutanlary hyzmatdaşlygy giňeltmek üçin uly mümkinçilikleriň bardygyny belläp, syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ulgamlarda netijeli gatnaşyklary giňeltmek barada pikirlerini beýan etdiler.

Şeýle hem, taraplar ikitaraplaýyn görnüşde hem-de abraýly halkara guramalaryň çäklerinde üstünlikli ösdürilýän özara bähbitli hyzmatdaşlygyň esasy meseleleri boýunça pikir alyşdylar.

Bellenilişi ýaly, söhbetdeşligiň dowamynda dostlukly döwletiň Baştutany Milli Liderimiziň kakasy Mälikguly Berdimuhamedowyň aradan çykmagy zerarly gynanç sözlerini beýan etdi.

Mundan başga-da, çarşenbe güni Döwlet Baştutanymyz bilen Täjigistan Respublikasynyň Prezidenti Emomali Rahmonyň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik geçirildi. Taraplar söwda-ykdysady gatnaşyklary işjeňleşdirmek babatda pikirlerini aýdyp, ulag, nebitgaz senagaty, elektroenergetika, oba hojalygy pudaklarynda uly kuwwatyň bardygyny bellediler.

Şeýle hem, Täjigistanyň Baştutany milli Liderimize kakasy Mälikguly Berdimuhamedowyň aradan çykandygy zerarly çuňňur duýgudaşlygyny beýan etdi hem-de täjik halkynyň tüýs ýürekden gynanjyny ýetirdi.