“SOCAR Polymer” iki sany täze PP görnüşleriniň önümçiligini ýola goýdy

BIZNES TÜRKMENISTAN
“SOCAR Polymer” iki sany täze PP görnüşleriniň önümçiligini ýola goýdy
“SOCAR Polymer” kompaniýasy 2013-nji ýylda döredildi. (Surat: “Caspianbarrel”)

Azerbaýjanyň “SOCAR Polymer” kompaniýasy öndürýän önümlerine täzelik girizip, blok kopolimer polipropileniň (ICP) iki sany görnüşiniň önümçiligini ýola goýdy. Täze önümiň düzümine “SOCAR Polymer” kompaniýasynyň hyzmatdaşy bolan Belgiýanyň “Milliken Chemical” kompaniýasynyň “Hyperform HPN” haryt nyşanly ýokary täsirli polipropilen (PP) üçin ulanylýan goşundysy garylýar.

“SOCAR Polymer” kompaniýasynyň penşenbe güni ýaýradan metbugat beýanatyna görä, bu iki kompaniýa soňky bir ýylyň dowamynda täze önümi taýýarlamak üçin bilelikde işleri alyp bardylar. “SOCAR Polymer” kompaniýasy häzirki wagtda bu önümleri Russiýanyň, Türkiýäniň we GDA-nyň beýleki döwletleriniň müşderilerine hödürleýär.

Kompaniýa bu täze ICP önüminiň käseler, gapaklar we gaplar ýaly dürli gaplama önümleriň şeýle hem dürli öý goşlarynyň, sport önümleriniň we oýunjaklaryň önümçiliginde ulanmaga amatlydygyny belleýär.

Habarda bellenilişi ýaly, täze önümler CB 4848 MO (ereme akymynyň görkezijisi 48) we CB 6448 MO (ereme akymynyň görkezijisi 64) atly iki sany täze görnüşlerden ybaratdyr. Olar ICP üçin iň köp ýaýran akym görkezijileridir.

“SOCAR Polymer” kompaniýasy 2013-nji ýylda döredildi. Kompaniýa gerekli infrastrukturalary bilen üpjün edilen iki sany polimer önümçilik desgalaryny gurdy we dolandyrýar. 2018-nji ýylyň oktýabr aýynda ilkinji gezek öz önümlerini daşary yurt bazaryna iberen kärhana öz eksport ugurlarynyň hataryna Russiýanyň, Türkiýäniň, Ukrainanyň, Belarusyň, Litwanyň, Polşanyň, Özbegistanyň, Hytaýyň, Türkmenistanyň, Gruziýanyň, Awstriýanyň we Rumyniýanyň bazarlaryny girizdi.