Türkmenistan bilen Gazagystan söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy maslahatlaşdy

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkmenistan bilen Gazagystan söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy maslahatlaşdy
Ilçi Batyr Rejepow bilen Gazagystanyň Senagat we infrastruktura ösüş ministri Beýbut Atamkulowyň duşuşygy (Surat: Gazagystanyň Senagat we infrastruktura ösüş ministriniň metbugat gullugy)

Nur-Soltan şäherinde Türkmenistanyň Gazagystandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Batyr Rejepow penşenbe güni Gazagystanyň Senagat we infrastruktura ösüş ministri Beýbut Atamkulow bilen duşuşyk geçirdi. Onuň dowamynda taraplar söwda we ykdysady hyzmatdaşlygyň meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar.

Gazagystanyň Senagat we infrastruktura ösüş ministrliginiň metbugat gullugynyň habaryna görä, ýygnagyň dowamynda ministr deňiz gatnawlarynyň, şol sanda Gazagystanyň Aktau porty bilen Türkmenbaşy halkara deňiz portunyň arasynda fider gatnawlarynyň ösüşine aýratyn üns berdi.

Türkmen tarapy öz gezeginde Gazagystanyň kärhanalarynyň önümlerini satyn almaga we ähli ugurlar boýunça harytlaryň üstaşyr daşalmagyny giňeltmäge gyzyklanma bildirdi.

Hazar deňziniň demirgazyk-gündogar kenarynda ýerleşýän Aktau portundan Hazarýaka ýurtlaryna ýükleriň gatnawy amala aşyrylýar. Portuň 80 müň inedördül metre golaý açyk, 2 müň inedördül metr ýapyk meýdançasy hereket edýär.