Aşgabat bilen Tähran nebit pudagynda hyzmatdaşlygy giňeltmekçi

BIZNES TÜRKMENISTAN
Aşgabat bilen Tähran nebit pudagynda hyzmatdaşlygy giňeltmekçi
Türkmenistanyň Eýrandaky ilçisi Ahmet Gurbanow bilen KEPCO-nyň direktory Ali Osouliniň ýekşenbe güni Tährandaky duşuşygy (Surat: “Tehran Times”)

Türkmenistanyň Eýrandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Ahmet Gurbanow bilen Eýranyň “Hazar gözleg we önümçilik” kompaniýasynyň (KEPCO) direktory Ali Osouliniň arasynda ýekşenbe güni Tähranda duşuşyk geçirildi. Onuň barşynda taraplar iki ýurduň nebit pudagyndaky hyzmatdaşlygy giňeltmek boýunça pikir alyşdylar.

Eýranyň “Tehran Times” gazetiniň habar berşi ýaly, Ali Osuli türkmen ilçisini eýran kompaniýasynyň alyp barýan işleri we şol sanda Hazar deňzindäki nebit ýataklaryny özleşdirmek boýunça taslamalar bilen tanyşdyrdy.

KEPCO-nyň direktory Eýranyň demirgazygynda döredilen gämi gurluşyk desgalary, şeýle hem Eýran tarapyndan gurlan Hazar we Amir-Kabir platformalary we dürli maksatly gämiler barada maglumat berip, bu ugurlarda Türkmenistan bilen hyzmatdaşlyk etmek mümkinçiliginiň bardygyny nygtady.

Habarda bellenilişi ýaly, türkmen ilçisi hem öz gezeginde Türkmenistanyň Eýranyň hyzmatlaryndan we suw amallary boýunça tehniki bilimlerinden peýdalanmagyna hem-de türkmen-eýran hökümetara ykdysady toparynyň mejlisiniň ýakyn wagtda geçirilmegine umyt bildirdi.

“Iki ýurduň ykdysady ösüşine goşant goşup biljek Hazar deňzinde türkmen-eýran energiýa hyzmatdaşlygyny giňeltmek üçin uly mümkinçilikler bar” diýip, Gurbanow belledi.

KEPCO Eýranyň Milli nebit kompaniýasynyň (NIOC) golçur kärhanasy bolup, 1998-nji ýylyň ýanwar aýynda döredildi. Bu kompaniýa Hazar deňiziniň günorta böleginde we Eýranyň Mazenderan, Golestan we Gilan kenarýaka welaýatlarynda gözleg, özleşdirmek, önümçilik ýaly dürli nebit-gaz ugurlarynda degişli işleri alyp barýar.

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022