Gazagystanyň Prezidenti Türkmenistana iş saparyny amala aşyrmagy meýilleşdirýär

BIZNES TÜRKMENISTAN
Gazagystanyň Prezidenti Türkmenistana iş saparyny amala aşyrmagy meýilleşdirýär
Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýew

Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredowyň hem-de Gazagystan Respublikasynyň Daşary işler ministri Muhtar Tleuberdiniň arasynda duşenbe güni telefon arkaly söhbetdeşlik geçirildi. Onuň barşynda ministrler 2021-nji ýylda Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýewiň Türkmenistana boljak resmi iş saparyna görülýän taýýarlyklara aýratyn üns berdiler.

Türkmenistanyň DIM-niň habar berşi ýaly, söhbetdeşlikde saparyň guramaçylygy, şol sanda saparyň öňüsyrasynda geçirilmegi meýilleşdirilýän Ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-gazak toparynyň nobatdaky mejlisine görülýän taýýarlyklar babatynda pikirler alşyldy.

Şeýle-de taraplar şu ýyl Türkmenistanda VI Hazar Sammitiniň geçirilmegi bilen bagly meselelere hem seredip geçdiler.

Ulgamlaýyn esasda durmuşa geçirilýän ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň ugurlaryny ara alyp maslahatlaşmagyň çäklerinde taraplar iki ýurduň daşary syýasat edaralarynyň arasynda yzygiderli syýasy geňeşmeleriň dowam edilmegi babatynda ylalaşdylar.

Mälim bolşy ýaly, Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Gazagystanyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýew bilen 2021-nji ýylyň 27-nji aprelda geçiren telefon arkaly söhbetdeşliginiň barşynda öz kärdeşini ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň derwaýys meselelerini ara alyp maslahatlaşmak we möhüm şertnamalara gol çekmek üçin Türkmenistana sapar amala aşyrmaga çagyrypdy.

2022