“Awazada” tomusky dynç alyş möwsümine taýýarlyk işleri alnyp barylýar

BIZNES TÜRKMENISTAN
“Awazada” tomusky dynç alyş möwsümine taýýarlyk işleri alnyp barylýar
Deňziň kenarynda ýerleşýän dynç alyş-sagaldyş merkezlerine degişli dolandyryş edaralary tarapyndan ýollanma hatlary beriler.

Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministri, Keselleriň ýaýramagynyň öňüni almak boýunça adatdan daşary toparyň başlygy Nurmuhammet Amannepesow duşenbe güni geçirilen iş maslahatynyň dowamynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowa “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda, Gökderede hem-de welaýatlarda bar bolan çagalar-sagaldyş merkezlerinde ýerine ýetirilýän taýýarlyk işleri barada hasabat berdi.

Türkmenistanyň resmi metbugatynyň habar berşi ýaly, ministr ýurdumyzda ýerleşýän şypahanalaryň hemmesinde adamlaryň saglygyny berkitmek, dünýäde emele gelen çylşyrymly ýagdaýlar nazara alnyp, saglygy goraýyş hyzmatlarynyň derejesini ýokarlandyrmak boýunça ähli zerur çäreleriň görülendigini belläp, şypahanalaryň möwsüme taýýarlanandygyny aýtdy.

Habarda bellenilişi ýaly, N.Ammannepesow deňziň kenarynda ýerleşýän dynç alyş-sagaldyş merkezlerine degişli ministrlikler, pudaklaýyn dolandyryş edaralary tarapyndan ýollanma hatlarynyň berilýändigini hem habar berdi.

Raýatlar ýollanma hatlaryny alanlaryndan soňra, ýurdumyzyň welaýatlarynda we Aşgabat şäherinde kesgitlenen saglyk öýlerinde olara koronawirus ýokanjyna garşy sanjym ediler. Şeýle hem, Döwlet migrasiýa gullugynda dynç alşa gidýän senesi barada bellik ediler hem-de dynç alyş zolagyna gitmek üçin rugsatnama berler.

Şol bir wagtyň özünde deňziň kenarynda dynç almaga gelýän raýatlar üçin ýörite gatnawlar ýola goýlar.

Mundan başga-da, Döwlet Baştutanymyz mekdep okuwçylarynyň tomusky dynç alyş möwsümine düýpli taýýarlyk görmek, çagalaryň wagtyny gyzykly we peýdaly geçirmeklerini üpjün etmek meselelerine uly üns berilmelidir diýip nygtady.

Milli Liderimiz Türkmenistanyň Keselleriň ýaýramagynyň öňüni almak boýunça adatdan daşary toparyň ýakynda geçiriljek mejlisleriniň birine özüniň hem gatnaşjakdygyny, onda tomusky dynç alyş möwsüminiň öňüsyrasynda bu ugra degişli ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylarynyň bu babatda ýerine ýetirilen işler baradaky hasabatlaryny diňlejekdigini aýdyp, degişli tabşyryklary berdi.

Hazar deňziniň kenaryndaky “Awaza” milli syýahatçylyk zolagy şu ýylyň 1-nji iýunyndan 15-nji sentýabryna çenli raýatlar üçin açyk bolar. Bu baradaky karar Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň wideoaragatnaşyk ulgamy arkaly 16-njy aprelde geçirilen mejlisinde kabul edildi.

2022