Eýran Türkmenistan serhediniň ýanynda erkin ykdysady zolagy dörediler

BIZNES TÜRKMENISTAN
Eýran Türkmenistan serhediniň ýanynda erkin ykdysady zolagy dörediler
Inçeburun şäheri Gazagystan-Türkmenistan-Eýran demir ýol geçelgesiniň ugrunda ýerleşýär.

Eýranyň demirgazygyndaky Golestan welaýatynyň häkimi Hadi Hagşenas Türkmenistan bilen serhetleşýän Inçeburun şäherinde erkin ykdysady zolagyny döretmek baradaky Kanunyny Eýranyň Maksadalaýyklygy kesgitleýiş geňeşi tarapyndan tassyklanandygyny aýtdy. Bu barada Eýranyň “Mehr News” agentligi çarşenbe güni habar berdi.

Häkim Inçeburunyň Eýranyň ykdysadyýetine we ýurduň Türkmenistan hem-de beýleki Merkezi Aziýa döwletleri bilen medeni gatnaşyklarynyň mundan beýläk-de berkitmek üçin mümkinçilik döretjekdigini aýtdy.

Şeýle hem, häkim Hagşenas Maksadalaýyklygy kesgitleýiş geňeşiniň Inçeburun boýunça karary Ýewraziýa Ykdysady Birleşmesinde Eýranyň ornunyň güýçlenmegine sebäp boljakdygyny aýtdy.

Mälim bolşy ýaly, Inçeburun şäheri Gazagystan-Türkmenistan-Eýran demir ýol geçelgesiniň ugrunda ýerleşýär. Teklip edilýän erkin ykdysady zolak 12 müň 500 gektar meýdany tutmagyna garaşylýar.

Eýranyň konstitusion edarasy bolan Maksadalaýyklygy kesgitleýiş geňeşi Aýatolla Homeýniniň Karary esasynda 1988-nji ýylda döredildi. Bu geňeş ähli syýasat ugurlarynda Eýranyň dini Liderine maslahat berýän bilermenler geňeşi hökmünde we Eýranyň Konstitusiýasynda kesgitlenen käbir ýagdaýlarda kanun çykaryjy gurama bolup hereket edýär.

2022