Türkmenistanda “Ak şäherim Aşgabat” atly halkara sergi geçiriler

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkmenistanda “Ak şäherim Aşgabat” atly halkara sergi geçiriler
Aşgabat şäheri, Türkmenistan

Aşgabat şäheriniň häkimligi bilen Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasy “Ak şäherim Aşgabat” atly XX köpugurly halkara sergä gatnaşmaga çagyrýar. Bu sergi 24-25-nji maý aralygynda Söwda-senagat edarasynda geçiriler.

Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň (TSTB) penşenbe güni saýtynda habar berlişi ýaly, bu ýyl çäre ýurdumyzyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygyna, hemişelik Bitaraplygynyň 25 ýyllygyna hem-de Aşgabat şäheriniň gününe bagyşlanyp geçirilýär.

Bu geçiriljek sergide ýurduň öňdebaryjy kompaniýalarynyň, ýuridik şahslaryň we işewür guramalaryň, ykdysady pudaklaryň ösmegine möhüm goşant goşýan telekeçileriň işleri görkeziler. Sergi işewürlik hem-de hususy pudakdaky täze tejribeler barada pikir alyş çalyşmak üçin, şeýle hem gepleşikler, ýygnaklar, söwda we beýleki şertnamalary baglaşmak üçin amatly platforma bolup hyzmat eder.

Habarda bellenilişi ýaly, “Ak şäherim Aşgabat” atly köpugurly halkara sergi ýyllaryň dowamynda şäher gurluşygy pudagynda abraýly sergä öwrüldi we sergä gatnaşyjylaryň sany ýyl-ýyldan köpelýär.

2022