Pakistan Owganystan we Merkezi Aziýa döwletleri bilen söwdany işjeňleşdirmegi meýilleşdirýär. Bu barada Pakistanyň premýer-ministri Imran Hanyň söwda boýunça geňeşçisi Abdul Razak Daudyň sözlerine salgylanyp “Bloomberg” agentligi duşenbe güni habar berdi.
Abdul Razak Daudyň aýtmagyna görä, Pakistan Merkezi Aziýanyň bäş döwleti bolan Özbegistan, Täjigistan, Türkmenistan, Gyrgyzystan we Gazagystan bilen söwda dolanyşygyny ýylda 1 milliard 500 müň ABŞ dollaryna ýetirmegi meýilleşdirýär.
“Biz diňe Demirgazyk Amerika, Ýewropa Bileleşigi we Hytaý ýaly birnäçe ýurtlar bilen çäklenýäris. Emma bulardan başga-da ýurtlar kändir” diýip, Abdul Razak Daud belledi.
Premýer-ministriň geňeşçisi Pakistanyň iýul aýynda Özbegistan bilen üstaşyr we artykmaç ýeňillikli söwda şertnamasyna gol çekmelidigini hem nygtady.
Türkmenistanyň we Pakistanyň resmileri 6-njy maýda wideoaragatnaşyk ulgamy arkaly geçirilen ikinji maslahatynda iki ýurduň arasyndaky söwda aragatnaşygyny giňeltmek üçin dürli pudaklarda ikitaraplaýyn ykdysady we söwda hyzmatdaşlygyny güýçlendirmek barada ylalaşdylar.