Ýewropada howpsuzlyk we hyzmatdaşlyk guramasynyň (ÝHHG) sişenbe güni wideoaragatnaşyk ulgamy arkaly terrorçylygyň we transmilli guramaçylykly jenaýatçylygyň maliýeleşdirilmegine garşy hereket etmek boýunça sebitara maslahaty geçirildi.
“ORIENT” internet neşiriniň habar bermegine görä, bu onlaýn maslahat Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi we Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrligi tarapyndan ÝHHG-nyň Sekretariatynyň transmilli howplara garşy göreş bölüminiň ýardam bermegi esasynda gurnaldy.
Bu çärä Merkezi Aziýa döwletleriniň, ÝHHG-niň beýleki döwletleriniň wekilleri, öňdebaryjy bilermenler, hususy pudagyň hem-de raýat jemgyýetiniň wekilleri, BMG we beýleki halkara guramalary gatnaşdylar.
Bilermenler terrorçylygyň hem-de daşary ýurtly terrorçy söweşijileriň maliýeleşdirilmegine garşy hereket etmekde halkara tejribeleri bilen tanyşdyrdylar hem-de jemgyýetçilik we hökümete degişli bolmadyk pudaklaryň ähli gyzyklanýan taraplarynyň arasynda maglumat alyş-çalşyk hyzmatdaşlygyny berkitmegiň möhüm ornuny bellediler.
Şeýle hem, terrorçylar tarapyndan ulanylýan maliýe usullarynyň özgerişleri bilen tanyşdyryldy. Maliýe derňewleri we terrorçylygy maliýeleşdirmek üçin täjirçilige dahylly däl guramalaryň ulanylmagynyň öňüni almak üçin çylşyrymly tagallalar ara alnyp maslahatlaşyldy.
Gepleşige gatnaşyjylar öz çykyşlarynda häzirki döwürde töwekgelçiliklere we howplara öz wagtynda jogap bermek maksady bilen ÝHHG-a degişli döwletleriň arasyndaky hyzmatdaşlygy has-da giňeltmegiň zerurdygyny bellediler.
Bu maslahat 2019-njy ýylyň 17-18-nji aprel aralygynda Aşgabatda geçirilen “Terrorçylygyň maliýeleşdirilmegine we guramaçylykly jenaýatçylyga garşy göreşmek” atly ÝHHG-niň ýokary derejeli sebitleýin maslahatynyň tekliplerine esaslandy.