Türkmenistanyň Prezidenti birnäçe döwletleriň ýolbaşçylary bilen telefon arkaly gepleşik geçirdi

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkmenistanyň Prezidenti birnäçe döwletleriň ýolbaşçylary bilen telefon arkaly gepleşik geçirdi
Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow penşenbe güni Owganystan Yslam Respublikasynyň Prezidenti Mohammad Aşraf Gani, Gyrgyz Respublikasynyň Prezidenti Sadyr Žaparow, Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýew bilen telefon arkaly birnäçe söhbetdeşlik geçirdi. Onda Prezidentler birek-bireklerini musulmanlar üçin mukaddes bolan aýyň tamamlanmagy hem-de Oraza baýramy bilen gutladylar.

Türkmenistanyň resmi metbugatynyň habar berşi ýaly, telefon arkaly geçirilen söhbetdeşligiň barşynda Türkmenistanyň we Owganystanyň Prezidentleri söwda-ykdysady, ýangyç-energetika, ulag-kommunikasiýa ulgamlarynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň netijeli häsiýete eýedigini belläp, häzirki wagtda iki ýurduň gatnaşmagynda bilelikdäki iri taslamalaryň durmuşa geçirilýändigini nygtadylar.

Gürrüňdeşligiň dowamynda söhbetdeşler häzirki wagtda iki goňşy döwletiň tagallalary netijesinde, sebitiň we dünýäniň durnukly ösüşini gazanmaga gönükdirilen täze ulag-energetika geçelgesiniň döredilýändigini kanagatlanma bilen bellediler.

Şeýle hem, Milli Liderimiziň we Gyrgyzystanyň Prezidentiniň arasynda telefon arkaly geçirilen söhbetdeşligiň dowamynda taraplar ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň ugurlaryny ara alyp maslahatlaşdylar we netijeli hyzmatdaşlygy, şol sanda iki ýurduň işewür toparlarynyň arasyndaky gatnaşyklary ýola goýmaga hem-de işjeňleşdirmäge ýardam edýän işewür duşuşyklary geçirmegiň ähmiýetini aýratyn bellediler.

Prezidentler Gurbanguly Berdimuhamedow we Sadyr Žaparow döwletara hyzmatdaşlygyň ýokary derejesini hem-de okgunly ösýändigini aýdyp, ynsanperwer ulgamda, hususan-da, ylym-bilim we medeniýet ugurlarynda gatnaşyklary has-da berkitmegiň wajypdygyny nygtadylar.

Türkmenistanyň we Gyrgyzystanyň Liderleri ileri tutulýan ugurlaryň birnäçesinde netijeli hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmek üçin ähli tagallalaryň ediljekdigini nygtadylar.

Mundan başga-da, şol gün Döwlet Baştutanymyz Gazagystanyň Prezidenti bilen hem gürrüňdeşlik geçirdi. Taraplar ähli ugurlarda, şol sanda syýasy, söwda-ykdysady hem-de medeni-ynsanperwer ulgamlarda üstünlikli hyzmatdaşlyk edýändigi aýdyp, bu babatda uzak möhletleýin esasda netijeli özara gatnaşyklary mundan beýläk-de dowam etdirmek üçin ägirt uly mümkinçilikleriň bardygyny nygtadylar.

Iki ýurduň Liderleri dostlukly türkmen-gazak gatnaşyklarynyň mundan beýläk-de hoşniýetli goňşuçylyk hem-de umumy bähbitlere gönükdirilen özara hyzmatdaşlygyň ruhunda depginli ösdüriljekdigine we giňeldiljekdigine ynam bildirdiler.