Aşgabat-Türkmenbaşy-Aşgabat ugry boýunça gündelik ýolagçy otly gatnawlary ýola goýlar

BIZNES TÜRKMENISTAN
Aşgabat-Türkmenbaşy-Aşgabat ugry boýunça gündelik ýolagçy otly gatnawlary ýola goýlar
Demir ýol ulagynyň talabalaýyk işlemegini üpjün etmek boýunça agentligiň başlygyna birnäçe degişli tabşyryklar berildi.

Welaýatlardan we Aşgabat şäherinden “Awaza” milli syýahatçylyk zolagyna dynç almaga gitjek raýatlar üçin şu ýylyň 1-nji iýunyndan başlap her gün Aşgabat-Türkmenbaşy-Aşgabat ugry boýunça ýörite ýolagçy otly gatnawlarynyň ýola goýulmagy meýilleşdirilýär.

Türkmenistanyň resmi metbugatynyň habar berşi ýaly, “Türkmendemirýollary” agentliginiň başlygy Azat Atamyradow anna güni “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda geçirilen Keselleriň ýaýramagyna garşy göreşýän adatdan daşary toparyň göçme mejlisiniň barşynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowa ýolbaşçylyk edýän ulgamyndaky işleriň ýagdaýy barada beren hasabatynda habar berdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, demir ýol ulagynyň talabalaýyk işlemegini üpjün etmek boýunça wezipeleri çözmegiň ileri tutulýan ugurdygyna ünsi çekip, agentligiň başlygyna degişli tabşyryklary berdi.

Şeýle hem, “Türkmenhowaýollary” agentliginiň başlygy Döwran Saburow öz hasabatynyň çäklerinde tomus dynç alyş möwsüminde “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda dynç alşy guramagyň meýilleşdirilýän tertibine laýyklykda, goşmaça ýolagçy uçar gatnawlary ýola goýmak boýunça görülýän çäreler barada habar berdi.

2022