Türkmenistana COVID-19 ýokanjyna garşy birnäçe görnüşli waksinalar getirildi

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkmenistana COVID-19 ýokanjyna garşy birnäçe görnüşli waksinalar getirildi
Raýatlar kesgitlenilen Saglyk öýlerinde COVID-19-a garşy sanjym alarlar.

Ýakyn günlerde COVID-19 ýokanjyna garşy Russiýadan 3 görnüşli, Hytaýdan 2 görnüşli waksina ýurdumyza getirildi. Bu barada Saglygy goraýyş we derman senagaty ministri Nurmuhammet Amannepesow anna güni geçirilen Keselleriň ýaýramagyna garşy göreşýän adatdan daşary toparyň göçme mejlisinde Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowa beren hasabatynda habar berdi.

“Watan habarlary” gepleşiginde habar berlişi ýaly, häzirki wagtda ilatymyza sanjym işlerini geçirmek üçin zerur bolan hemme anyklaýyş we sarp ediş serişdeleriniň ýeterlik mukdarda bardygy, olaryň ätiýaçlyk gorunyň döredilendigi nygtaldy.

Şeýle hem, raýatlar ýollanma hatlaryny alanyndan soň we dynç alşa gitmezinden öň welaýatlarda hem-de Aşgabat şäherinde kesgitlenilen Saglyk öýlerinde COVID-19-a garşy sanjym alarlar.

Hasabatda bellenilişi ýaly, ýurdumyza Polimeraz zynjyrly reaksiýasynyň enjamynyň ikisi getirildi. Bu enjamlary Türkmenbaşy şäherinde arassaçylyk-epidemiologiýa gullugynyň barlaghanasynda gurnamak göz öňünde tutulýar.

Awazadaky hyzmat ediş desgalaryna işe kabul edilen işgärlere häzirki wagtda koronawirusa garşy sanjym edildi. Tomusky dynç alyş möwsümine taýýarlyk görmegiň çäklerinde çagalar sagaldyş merkezleriniň işgärlerine sanjym etmek hem göz öňünde tutulýar.