Aşgabat bilen Bişkek nebitgaz pudagynda geljegi uly taslamalary maslahatlaşdy

BIZNES TÜRKMENISTAN
Aşgabat bilen Bişkek nebitgaz pudagynda geljegi uly taslamalary maslahatlaşdy
Gyrgyzystanyň Energetika we senagat ministri Aşgabada amala aşyran resmi iş saparynyň çäginde Türkmen resmileri bilen duşuşdy.

Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow we Gyrgyzystanyň Energetika we senagat ministri Kubanyçbek Turdubaýew duşenbe güni Aşgabatda geçirilen duşuşykda nebit-gaz pudagynda geljegi uly taslamalar barada pikir alyşdylar.

Ministrler syýasy, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ugurlarda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň ösüşiniň oňyn depginini kanagatlanma bilen bellediler we döwletara gatnaşyklaryň ösüşinde ýokary derejedäki iş saparlaryň ähmiýetini nygtadylar. Bu barada Türkmenistanyň DIM-i habar berýär.

Gepleşigiň dowamynda energetika we senagat, dokma önümçiligi we azyk söwdasy pudaklarynda hyzmatdaşlygy giňeltmek boýunça döwletleriň gyzyklanmalary beýan edildi.

Mundan başga-da, ministrler medeni-ynsanperwer ulgamyndaky gatnaşyklaryň ähmiýetini bellediler we ylym hem-de bilim babatda hyzmatdaşlygy giňeltmäge gyzyklanma bildirdiler.

Gyrgyzystanyň Energetika we senagat ministri Turdubaýew Aşgabada amala aşyran resmi iş saparynyň çäginde Türkmenistanyň degişli ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary bilen hem gepleşik geçirdi.

Gyrgyzystanyň parlamentiniň ýangyç-energetika toplumy we ýerasty baýlyklary boýunça komitetiniň şu ýylyň 2-nji martynda geçirilen ýygnagynyň dowamynda Turdybaýew Gyrgyzystanyň Energetika we senagat ministrligi tebigy gazyň importy boýunça Türkmenistan bilen gepleşikleri geçirmegi meýilleşdirýändigini belläpdi.