Türkmenistanyň Prezidenti kärdeşi Kasym-Žomart Tokaýewi doglan güni bilen gutlady

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkmenistanyň Prezidenti kärdeşi Kasym-Žomart Tokaýewi doglan güni bilen gutlady
Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow sişenbe güni Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýew bilen telefon arkaly geçiren gepleşiginde doglan güni bilen gutlady we oňa berk jan saglyk, abadançylyk hem-de ýokary döwlet wezipesinde täze üstünlikleri arzuw etdi.

Türkmenistanyň resmi metbugatynyň habar berşi ýaly, Milli Liderimiz iki ýurduň köpugurly hyzmatdaşlygynda gazanylan derejä ýokary baha bermek bilen, Gazagystanyň Baştutanynyň däbe öwrülen doganlyk hem-de hoşniýetli goňşuçylyk ýörelgeleri esasynda guralýan türkmen-gazak gatnaşyklarynyň ösüşine uly goşant goşandygyny aýratyn belledi.

“Biz, öz nobatymyzda, Gazagystan bilen özara gatnaşyklary giňeltmegi, ikitaraplaýyn hem-de köptaraplaýyn görnüşlerde ähli ugurlar boýunça deňhukukly, ygtybarly gatnaşyklary ilerletmäge hemmetaraplaýyn ýardam etmegi ugur edinýäris” diýip, Döwlet Baştutanymyz nygtady.

Telefon arkaly söhbetdeşligiň barşynda taraplar häzirki wagtda iki ýurduň arasynda ähli ugurlarda, şol sanda syýasy, söwda-ykdysady hem-de ynsanperwer ulgamlarda üstünlikli hyzmatdaşlygyň alnyp barylýandygyny kanagatlanma bilen bellediler.

Türkmenistanyň we Gazagystan Respublikasynyň Baştutanlary döwletara gatnaşyklaryna täze güýç hem-de many-mazmun taýdan özara gyzyklanmalary tassyklamak bilen, bilelikdäki tagallalar netijesinde, doganlyk gatnaşyklarynyň we strategik hyzmatdaşlygyň geljekde-de iki ýurduň halklarynyň bähbidine sazlaşykly ösdüriljekdigine ynam bildirdiler.