Aşgabadyň 140 ýyllygy mynasybetli 140 sany ýaşaýyş jaýy ulanmaga berler

BIZNES TÜRKMENISTAN
Aşgabadyň 140 ýyllygy mynasybetli 140 sany ýaşaýyş jaýy ulanmaga berler
Döwlet Baştutanymyz bina edilýän ýaşaýyş jaýlarynda amatlylyk, elýeterlilik wajypdyr diýdi.

Aşgabat şäheriniň 140 ýyllygy mynasybetli ýaşaýyş jaýlarynyň 140-synyň ulanmaga berilmegi meýilleşdirilýär. Bu barada Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Gadyrgeldi Müşşikow çarşenbe güni sanly ulgam arkaly geçirilen iş maslahatynyň barşynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowa hasabat berdi.

Türkmenistanyň resmi metbugatynyň habar berşi ýaly, Wise-premýer hasabatynda häzirki döwürde Aşgabat şäherini ösdürmek, gurulýan desgalaryň dolandyryş düzüminiň işini ykdysady taýdan kämilleşdirmek boýunça alnyp barylýan işler barada maglumat berdi.

Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, milli ykdysadyýetimiziň ähli pudaklarynyň, şol sanda şäheriň sazlaşykly ösüşine degişli wezipeleriň esasy orunda durmalydygyny belledi. Aýratyn-da, bina edilýän ýaşaýyş jaýlarynda amatlylyk, elýeterlilik wajypdyr, şunda adamlaryň ýokary derejeli ýaşaýşynyň üpjün edilmegi bilen baglanyşykly meselelere möhüm ähmiýet berilmelidir, diýip Milli Liderimiz aýtdy.

Şeýle hem paýtagtymyzyň çäklerinde Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllygy mynasybetli köp sanly binalary, şol sanda döwrebap seýilgähleri, ýerasty geçelgeleri, kaşaň myhmanhanalary, Magtymguly Pyragynyň heýkelini, söwda we hyzmatlar toplumlaryny, dürli maksatly beýleki desgalaryň birnäçesini ulanmaga bermek meýilleşdirilýär.