Aşgabat 140 ýaşady

BIZNES TÜRKMENISTAN
Aşgabat 140 ýaşady
Milli Liderimiz ýurdumyzyň raýatlaryny Aşgabadyň döredilmeginiň 140 ýyllyk şanly baýramy mynasybetli gutlady.

Sişenbe güni Aşgabadyň esaslandyrylmagynyň 140 ýyllygy Türkmenistanda dabaraly ýagdaýda bellenilýär. Bu senä bagyşlanyp paýtagtymyzda we ýurdumyzyň ähli welaýatlarynda birnäçe baýramçylyk çäreleri geçirilýär.

Milli Liderimiz ýurdumyzyň raýatlaryny Aşgabadyň döredilmeginiň 140 ýyllyk şanly baýramy mynasybetli gutlady. Şeýle hem hormatly Prezidentimiz Çoganly ýaşaýyş jaý toplumynda 140 sany iki gatly ýaşaýyş jaýlarynyň açylyş dabarasyna we paýtagtymyzyň demirgazygynda “Aşgabat siti” atly täze ýaşaýyş toplumynyň gurluşygynyň düýbüni tutmak dabarasyna gatnaşdy.

Mundan başga-da, şanly baýramçylyk mynasybetli paýtagtymyzda täze 400 sany awtobuslar we 200 sany ýeňil taksi awtoulaglar ilata hyzmat etmek üçin işe girizildi.

Duşenbe güni Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň sergi merkezinde paýtagtymyzyň esaslandyrylmagynyň 140 ýyllygyna bagyşlanylan “Ak şäherim Aşgabat” atly XX halkara köpugurly sergi öz işine başlady.

Paýtagtymyzyň 140 ýyllygy mynasybetli guralýan dabaralaryň çäklerinde, Aşgabady durmuş-ykdysady taýdan ösdürmäge uly şahsy goşantlaryny goşan halk hojalygynyň dürli pudaklarynyň iň gowy işgärlerine, önümçiligiň öňdebaryjylaryna, ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, guramalaryň işgärlerine ýokary döwlet sylaglaryny gowşurmak dabarasy geçirildi.

2022