Türkmenistanyň Prezidenti pes uglerodly energetikany ösdürmegi teklip edýär

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkmenistanyň Prezidenti pes uglerodly energetikany ösdürmegi teklip edýär
BMG-niň pes uglerodly energetikany ösdürmek boýunça çäreleriň durmuşa geçirilmegine gönükdirilen Strategiýasyny işläp taýýarlamak teklip edildi.

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow BMG-niň pes uglerodly energetikany ösdürmek boýunça çäreleriň durmuşa geçirilmegine gönükdirilen Strategiýasyny işläp taýýarlamagy we energetikanyň esasy ugurlarynyň biri hökmünde wodorody ösdürmek boýunça halkara “Ýol kartasyny” döretmegi teklip etdi.

Hormatly Prezidentimiz bu teklipleri Birleşen Milletler Guramasynyň Baş sekretary Antoniu Guterriş tarapyndan sişenbe güni wideoaragatnaşyk ulgamy arkaly “Gazylyp alýan pudaklar durnukly ösüşiň hereketlendirijisidir” mowzugy bilen geçirilen “tegelek stol” maslahatynda hödürledi. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty habar berýär.

Bu teklipleri öňe sürmek bilen, milli Liderimiz Türkmenistanyň ýakyn wagtda bilermenleriň derejesinde olary durmuşa geçirmegiň ýollaryny we esasy ugurlaryny ara alyp maslahatlaşmaga taýýardygyny nygtady.

Hormatly Prezidentimiz onlaýn görnüşde geçirilen maslahatda eden çykyşynda ýurdumyzyň häzirki zamanyň möhüm meseleleriniň çözgüdini taýýarlamak, ählumumy abadançylygyň we ösüşiň bähbidine laýyk gelýän netijeli hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmek boýunça tagallalaryň utgaşdyrylmagyna ygrarlydygyny belledi.

Döwlet Baştutanymyz Türkmenistanyň daşky gurşawa senagat galyndylarynyň zyňylmagy bilen emele gelýän ýaramaz ýagdaýlar sebäpli alada edýändigini hem-de bar bolan töwekgelçilikleri, wehimleri azaltmaga gönükdirilen halkara tagallalarynyň ýygjam utgaşdyrylmagyna we ylalaşykly hereket edilmegine ygrarlydygyny aýtdy.

Häzirki döwürde howanyň üýtgemegi boýunça Pariž ylalaşygy boýunça borçnamalara laýyklykda, Türkmenistanda BMG-niň daşky gurşaw boýunça maksatnamasynyň we BMG-niň Ösüş maksatnamasynyň goldaw bermeginde howanyň üýtgemegi hakynda Dördünji milli maglumaty hem-de Birinji ikiýyllyk maglumaty taýýarlamak işleri alnyp barylýar. Bu resminamalaryň ikisi hem 2023-nji ýylyň başynda BMG-niň sekretariatyna hödürlener.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow çykyşyny tamamlap, “tegelek stoluň” başyndaky maslahata gatnaşyjylara öňde goýlan maksatlara ýetmekde uly üstünlikleri arzuw etdi.

BMG-niň Baş sekretarynyň başlangyjy boýunça bu gezekki ýokary derejedäki gepleşik soňky birnäçe aýyň dowamynda BMG-niň Ykdysady we durmuş meseleleri boýunça departamentiniň goldaw bermeginde BMG-niň sebit ykdysady toparlarynyň, howanyň üýtgemegine garşy göreş boýunça Hereketler toparynyň, BMG-niň söwda we ösüş boýunça Konferensiýasynyň, daşky gurşaw boýunça Maksatnamasynyň we “СOVID-19 ýokanjy döwründe we ondan soňky pursatlarda ösüşi maliýeleşdirmek boýunça başlangyçlaryň” çäklerinde BMG-niň Ösüş maksatnamasynyň geçiren “tegelek stollarynyň” tapgyryny jemleýär.

2022