Türkmen-owgan hyzmatdaşlygyny pugtalandyrmak boýunça gepleşikler geçirildi

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkmen-owgan hyzmatdaşlygyny pugtalandyrmak boýunça gepleşikler geçirildi
Maslahatda taraplar iki ýurdyň serhetýaka welaýatlarynda elektrik üpjünçilik ulgamyny güýçlendirmegi hem-de demir ýol hyzmatdaşlygyny ösdürmegi ara alyp maslahatlaşdylar.

Türkmenistanyň we Owganystan Yslam Respublikasynyň serhetýaka welaýatlarynyň häkimleriniň arasynda penşenbe güni wideoaragatnaşyk ulgamy arkaly gepleşik geçirildi. Gepleşigiň dowamynda taraplar iki ýurduň arasyndaky ykdysady, söwda, ulag we üstaşyr, medeni-ynsanperwer gatnaşyklary pugtalandyrmagy maslahatlaşdylar.

Maslahata iki ýurdyň diplomatlary, Owganystanyň Hyrat, Badhyz, Jowuzjan we Farýab welaýatlarynyň, hem-de Türkmenistanyň Mary we Lebap welaýatlarynyň häkimleri gatnaşdylar.

Owganystan Yslam Respublikasynyň Türkmenistandaky ilçihanasynyň metbugat beýanatyna görä, Owganystanyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Han Wali Han Başarmal bu maslahatyň dürli ugurlardaky hyzmatdaşlygy ösdürmek üçin möhüm ädimdigini belledi.

Maslahatyň dowamynda häkimler TAPI we TAP taslamalarynyň Owganystanyň çäginde durmuşa geçirilmegini maslahatlaşyp, bu taslamalara gatnaşýan döwletlere we sebit üçin möhümdigini nygtadylar.

Şeýle hem, taraplar serhetýaka welaýatlarynda elektrik üpjünçilik ulgamyny güýçlendirmegi, demir ýol hyzmatdaşlygyny ösdürmegi hem-de medeni gatnaşyklary pugtalandyrmagyň çäklerinde sungat sergilerini, teatr çykyşlaryny we sport ýaryşlaryny guramagy ara alyp maslahatlaşdylar.

Mundan başga-da, Badhyz welaýatynda Tora Şeýh gury portunyň açylmagy we Owganystanyň serhetýaka welaýatlarynda Türkmenistanyň ynsanperwer maksatnamalarynyň durmuşa geçirilmegi barada hem durulyp geçildi.

Gepleşikde oba-hojalyk pudagynda bilelikdäki kärhanalaryň zerurlygy, sowadyjy ammarlarynyň gurulmagy, ýurtlaryň işewürleriniň arasyndaky gatnaşyklaryň ösdürilmegi we Türkmenistana mermer eksportynyň ýola goýulmagy barada hem pikir alşyldy.

Şu ýylyň 14-nji ýanwarynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow we Owganystanyň Prezidenti Aşraf Gani wideoaragatnaşyk arkaly bilelikdäki infrastruktura desgalarynyň işe girizilmegi mynasybetli dabaralaryna gatnaşdylar.