“Awazada” dynç alyş üçin resminamalar berlip başlandy

BIZNES TÜRKMENISTAN
“Awazada” dynç alyş üçin resminamalar berlip başlandy
“Awaza” milli syýahatçylyk zolagynyň “Seýrana” we “Hazyna” myhmanhanalarynda zerur derman we saglygy goraýyş maksatly serişdeler bilen üpjün edilen “Tiz kömek” nokady döredildi.

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow anna güni wideoaragatnaşyk ulgamy arkaly tomus döwründe Hazaryň kenarynda raýatlarymyzyň göwnejaý we howpsuz dynç almagyny üpjün etmek meseleleri boýunça iş maslahatyny geçirdi. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty habar berdi.

Habarda bellenilişi ýaly, saglygy goraýyş we derman senagaty ministri, Keselleriň ýaýramagyna garşy göreşýän adatdan daşary toparyň başlygy, “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda dynç alşy guramak boýunça Dolandyryş merkeziniň ýolbaşçysy Nurmuhammet Amannepesow Döwlet Baştutanymyzyň tabşyrygy boýunça Dolandyryş merkeziniň işini netijeli guramak boýunça zerur çäreleriň görülýändigi barada hasabat berdi.

Şunuň bilen baglylykda, tomsuna «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda dynç almaga isleg bildirýänleriň syýahatçylyk ýa-da beýleki degişli ýerli düzümlerde ýollamanama alýandygy habar berildi. Şu wagta çenli 2257 sany ýollamanama resmileşdirildi. Şol ýollamanama alan raýatlara Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugy tarapyndan degişli rugsatnamalar berildi. Olara welaýatlardaky we paýtagtymyzdaky saglyk öýlerinde COVID-19 ýokanjyna garşy sanjym hem edildi.

Şeýle hem, “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynyň “Seýrana” we “Hazyna” myhmanhanalarynda gaýragoýulmasyz lukmançylyk kömegini bermek üçin zerur derman we saglygy goraýyş maksatly serişdeler bilen üpjün edilen “Tiz kömek” nokady döredildi.

Mundan başga-da, “Awaza” milli syýahatçylyk zolagyndaky awtoduralgada COVID-19 ýokanjyny ekspres usuly bilen anyklamak ýola goýuldy. “Awaza” etrap saglyk merkezinde hem-de Türkmenbaşy şäher arassaçylyk we keselleriň ýaýramagyna garşy göreşmek gullugynyň barlaghanasynda Polimeraz zynjyrly reaksiýasynyň (PZR) enjamy gurnaldy. Şeýlelikde, häzirki wagtda Türkmenbaşy şäherinde we “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda şeýle enjamlaryň 3-si doly güýjünde ulanylýar.

Hazar deňziniň kenaryndaky “Awaza” milli syýahatçylyk zolagy şu ýylyň 1-nji iýunyndan 15-nji sentýabryna çenli raýatlar üçin açyk bolar. Bu baradaky karar Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň wideoaragatnaşyk ulgamy arkaly 16-njy aprelde geçirilen mejlisinde kabul edildi.

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022