Energetika Hartiýasynyň Şertnamasynyň kämilleşdirilmegi maslahatlaşyldy

BIZNES TÜRKMENISTAN
Energetika Hartiýasynyň Şertnamasynyň kämilleşdirilmegi maslahatlaşyldy
Şertnamanyň kämilleşdirilmeginiň Pariž ylalaşygynda göz öňünde tutulan maksatlar bilen sazlaşdyrylmagy boýunça taraplaryň gyzyklanmalary beýan edildi.

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde anna güni Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Wepa Hajiýewiň Ýewropa Bileleşiginiň Türkmenistandaky Adatdan daşary we doly ygtyýarly Ilçisi Diego Ruiz Alonso bilen duşuşygy geçirildi. Duşuşygyň dowamynda taraplar Energetika Hartiýasynyň Şertnamasyny kämilleşdirmek işine seretdiler.

Türkmenistanyň DIM-niň habar berşi ýaly, Energetika Hartiýasynyň Şertnamasyny kämilleşdirmegiň esasy ugurlaryna maýa goýum we maliýeleşdirmek, durnukly ösüş hem-de hukuk meseleleri girýär.

Şeýle hem, bu duşuşykda Energetika Hartiýasynyň Şertnamasynyň kämilleşdirilmeginiň howanyň üýtgemegi boýunça Pariž ylalaşygynda göz öňünde tutulan maksatlar bilen sazlaşdyrylmagy boýunça taraplaryň gyzyklanmalary beýan edildi.

Mundan başga-da, taraplar Türkmenistanyň Ýewropa Bileleşigi bilen hyzmatdaşlygynyň häzirki ýagdaýyny we geljegini ara alyp maslahatlaşdylar.

Mälim bolşy ýaly, Türkmenistan bu Şertnamanyň tarapdary bolmak bilen, ony hyzmatdaş döwletler bilen ysnyşykly hyzmatdaşlykda kämilleşdirmek boýunça gepleşiklere işjeň gatnaşýar. Energetika Hartiýasynyň Şertnamasyny kämilleşdirmek hakynda ara alyp maslahatlaşmalara başlamak baradaky karar 2017-nji ýylyň noýabrynda EH-niň Aşgabat maslahatynda kabul edildi.

Energetika Hartiýasynyň Şertnamasy energiýa pudagynda serhetara hyzmatdaşlygyň köptaraplaýyn binýadyny kesgitleýän halkara maýa goýum şertnamasydyr. Şertnama söwda, tranzit, maýa goýumlary we energiýa netijeliligi ýaly ugurlary öz içine alýar.

2022