Türkmenistan “Hazar 2021” atly halkara forumyna gatnaşdy

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkmenistan “Hazar 2021” atly halkara forumyna gatnaşdy
Bu foruma 11 ýurtdan şol sanda Türkmenistandan hem öňdebaryjy hünärmenler gatnaşdylar. (Surat: "mid.astrobl.ru")

Russiýa Federasiýasynyň Astrahan şäherinde anna güni “Hazar 2021: Durnukly ösüşiň ýollary” atly halkara ylmy forumy geçirildi. Bu foruma 11 ýurtdan şol sanda Türkmenistandan ylym, ýokary bilim ulgamy we ýaşlar syýasaty boýunça öňdebaryjy hünärmenler gatnaşdylar.

Türkmenistanyň Astrahandaky konsullygynyň habar berşi ýaly, foruma türkmen tarapyndan Russiýanyň Astrahan oblastyndaky Türkmenistanyň konsuly we Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň prorektory gatnaşdylar.

Foruma gatnaşyjylar Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň hemişe dostlukly, sazlaşykly, hoşniýetli, giň we deňhukukly hyzmatdaşlygyň ýörelgelerine esaslanýan Hazar strategiýasyna ýokary baha berdiler.

Şeýle hem, sebit ýurtlarynyň, goňşy döwletleriň tagallalaryny birleşdirmegiň zerurlygy barada, wezipeleriň umumylygy hem-de dowamlylygy esasynda halkara guramalar bilen ýakyndan hyzmatdaşlyk saklamak teklip edildi. Bu teklipleriň esasynda gysga we uzak möhletli hyzmatdaşlygy ösdürmek üçin mümkinçilikleriň dörejekdigi barada bellenip geçildi.

“Hazar 2021: Durnukly ösüşiň ýollary” atly halkara ylmy forum, Hazarýaka döwletleriniň innowasion ösüşini ýokarlandyrmak üçin bilim we ylmy-tehniki, tehnologiki hyzmatdaşlygy birleşdirmek üçin täsirli mehanizmleri döretmek maksady bilen guraldy.

2022