“Visa” kompaniýasy Kristina Dorosy wise-prezident hem-de Merkezi Aziýa we Azerbaýjan boýunça sebit dolandyryjysy wezipesine belledi. Ol wezipesine 1-nji iýunda girişdi.
Kompaniýanyň çarşenbe güni çykaran metbugat beýanatyna görä, Kristina Dorosyň täze wezipesi Merkezi Aziýada we Azerbaýjanda ýakynda döredilen täze klasteriň düzüminde elektron töleg işiniň ösdürilmegine we bank, işewürler hem-de kart eýeleri üçin “Visa”-nyň ähmiýetiniň ýokarlandyrylmagyna gönükdiriler.
Täze tehnologiýalaryň we kadalaşdyryjy-hukuk binýadynyň ösüşindäki üýtgeşmeler bilen baglylykda, “Visa” kompaniýasy Kawkazdaky we Merkezi Aziýadaky klasteriniň düzümini üýtgetdi we Merkezi Aziýa hem-de Azerbaýjan sebitiniň başlygynyň derejesini wise-prezident derejesine çykardy.
“Visa” sarp edijilere, kärhanalara, banklara we döwlet edaralaryna elektron tölegleri amala aşyrmaga mümkinçilik berýän global töleg ulgamydyr.