Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynda geçen hepdede daşary ýurt puluna geçirilen söwdalaryň möçberi 9 million 807 müň ABŞ dollaryndan gowrak boldy. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty duşenbe güni habar berdi.
Daşary ýurt walýutasyna Owganystanyň, Maltanyň we beýleki ýurtlaryň telekeçileri “Türkmengaz” döwlet konserninde öndürilen ECO-93 belgili awtoulag benzinini satyn aldylar. Şeýle hem, Owganystanyň işewür toparlarynyň wekilleri Seýdiniň nebiti gaýtadan işleýän zawodynda öndürilen agyr wakum gazoýlyny satyn aldylar.
Bulardan başga-da, Gazagystanyň we Gyrgyzystanyň telekeçileri daşary ýurt puluna gazbeton böleklerini we boýalan tüýjümek önümlerini satyn aldylar.
Birleşen Arap Emirlikleriniň işewürleri bahasy 10 million 250 müň manatlyk nah ýüplügi satyn aldylar.
Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 9-sy hasaba alyndy.