Türkmenistan Ukraina 23 müň tonnadan gowrak dizel ýangyjyny eksport etdi

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkmenistan Ukraina 23 müň tonnadan gowrak dizel ýangyjyny eksport etdi
Ukraina dizel ýangyjynyň edilen eksporty boýunça Türkmenistan üçünji orny eýeledi.

2021-nji ýylyň ýanwar-maý aýlarynda Türkmenistan Ukrainany 23 müň 400 tonna dizel ýangyjy bilen üpjün etdi. Bu barada “A-95” konsalting toparynyň gözlegine salgylanyp, “UkrRudProm” maglumat we seljeriş portaly sişenbe güni habar berdi.

Habarda bellenilişi ýaly, deňiz portlary arkaly Ukraina dizel ýangyjynyň edilen eksporty boýunça Türkmenistan Türkiýeden (34 müň 700 tonna) we Gresiýadan (34 müň 700 tonna) soňra üçünji orny eýeledi. Şeýle hem, Ukrainanyň deňiz portlary arkaly Ysraýyldan (3 müň 600 tonna) we Malaýziýadan (4 müň 800 tonna) dizel ýangyjyny eksport edendigi bellenildi.

Ukraina 2021-nji ýylyň maý aýynda edilen dizel ýangyjynyň importy geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 17% azaldy.

“A-95” konsalting toparynyň gözleginde bellenip geçilişi ýaly, Ukrainanyň dizel ýangyjynyň importynyň azalmagy 2020-nji ýylyň aprel-maý aýlarynda nebit we nebit önümleriniň dünýä bahalarynyň peselmegi bilen baglanyşyklydyr. Şonuň bilen baglylykda nebit önümlerini sarp edijiler gereginden artyk 130 müň tonna satyn aldylar we ony nebit ammarlaryna ýerleşdirdiler.

Türkmenistanyň Maliýe we Ykdysadyýet ministrliginiň we Ukrainanyň Ykdysady ösüş, söwda we oba hojalygy ministrliginiň wekilleri, şu ýylyň fewral aýynda wideoaragatnaşyk ulgamy arkaly maslahat geçirdiler. Onuň barşynda ukrain wekiliýeti Türkmenbaşy halkara deňiz portunyň çäginde logistika merkezini döretmäge gyzyklanma bildirdi.

2022