Türkmenistanyň Prezidenti ÝHHG-niň Aşgabatdaky merkeziniň täze ýolbaşçysyny kabul etdi

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkmenistanyň Prezidenti ÝHHG-niň Aşgabatdaky merkeziniň täze ýolbaşçysyny kabul etdi
Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow sişenbe güni  Ýewropada howpsuzlyk we hyzmatdaşlyk guramasynyň (ÝHHG) Aşgabatdaky merkeziniň täze bellenilen ýolbaşçysy Jon MakGregory kabul etdi. Gepleşigiň dowamynda ýurdumyz bilen ÝHHG-niň ugurdaş düzümleriniň arasynda ýola goýlan hyzmatdaşlygyň, parlamentara gatnaşyklaryň netijeli häsiýete eýedigi bellenildi.

Türkmenistanyň resmi metbugatynyň habar berşi ýaly, Döwlet Baştutanymyz jenap Jon MakGregory jogapkärli wezipä bellenilmegi bilen gutlap hem-de oňa işinde üstünlikleri arzuw edip, Türkmenistanyň ÝHHG-niň doly hukukly agzasy bolmak bilen, umumy abadançylygyň maksatlaryna laýyk gelýän köpugurly hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmek ugrunda çykyş edýändigini nygtady.

Söhbetdeşligiň dowamynda sebitde ileri tutulýan wezipelerden ugur almak bilen, sanly ykdysadyýet, durnukly energetika we energiýa howpsuzlygy, ulag hem-de üstaşyr geçelgeleriň mümkinçiliklerinden netijeli peýdalanmak, öňdebaryjy tehnologiýalary ornaşdyrmak we beýleki ugurlar aýratyn ähmiýete eýe bolýandygy bellenildi. Şeýle hem Ekologiýa, howanyň üýtgemegi, suw serişdelerini rejeli ulanmak, Aral bilen baglanyşykly meseleler özara gatnaşyklaryň möhüm ugurlary bolup durýar.

Mundan başga-da, sebitleýin we halkara derejede häzirki döwrüň wehimlerine hem-de howplaryna garşy göreşmekde, şol sanda serhetýaka jenaýatçylyga, terrorçylyga, ekstremizme, neşe serişdeleriniň bikanun dolanyşygyna garşy durmakda we kiberhowpsuzlygy üpjün etmekde tagallalary mundan beýläk-de birleşdirmegiň wajypdygy tassyklanyldy.

Şunuň bilen baglylykda, türkmen Lideriniň başlangyjy bilen öňüni alyş diplomatiýasynyň gurallaryndan netijeli peýdalanmak, energetika, ulag diplomatiýasy, Owganystandaky ýagdaýy parahatçylykly ýol arkaly kadalaşdyrmak hem-de onuň durmuş-ykdysady taýdan ösmegini üpjün etmek boýunça başlangyçlarynyň wajypdygy bellenildi. Şu babatda owgan tarapynyň gatnaşmagynda energetika, ulag-kommunikasiýa ulgamlarynda iri düzümleýin taslamalary durmuşa geçirmäge aýratyn ähmiýet berilýär. Şol taslamalaryň hatarynda TOPH gaz geçirijisiniň, demir ýoluň, elektrik geçiriji we optiki-süýümli aragatnaşyk ulgamlarynyň gurluşygy bar. 

Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow 2-nji iýunda ÝHHG-niň Aşgabatdaky merkeziniň täze bellenilen ýolbaşçysy, ilçi Jon MakGregor bilen duşuşdy. Duşuşygyň dowamynda taraplar häzirki wagtdaky taslamalaryň durmuşa geçirilişine seretdiler, şeýle-de öňde duran döwür üçin hyzmatdaşlygyň ugurlarynyň geljegini ara alyp maslahatlaşdylar.

 

2022