Lebap welaýatynyň Kerki şäherindäki howa menziliniň gurluşygy tamamlanýar

BIZNES TÜRKMENISTAN
Lebap welaýatynyň Kerki şäherindäki howa menziliniň gurluşygy tamamlanýar
Bu ýerde “Türkmenhowaýollary” agentliginde ulanylýan uçarlaryň ähli kysymyny kabul edip biljek 2,7 kilometrlik uçuş-gonuş zolagy çekildi.

“Gündogdy” hususy kärhanasy Lebap welaýatynyň Kerki şäherinde howa menziliniň gurluşygyny tamamlaýar. Häzirki wagtda täze howa menziliniň enjamlarynyň ulanyşa girizilmezinden öňki synag işleri dowam edýär. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty çarşenbe güni habar berdi.

Habarda bellenilişi ýaly, şäheriň demirýol menzilinden we Türkmenabat – Kerki awtomobil ýolundan uzak bolmadyk aralykda sagatda 100 ýolagçyny üstünden geçirmek ukyby bolan terminalyň binasy gurlup, “Türkmenhowaýollary” agentliginde ulanylýan uçarlaryň ähli kysymyny kabul edip biljek 2,7 kilometrlik uçuş-gonuş zolagy çekildi.

Täze howa menziliň ýolagçy terminaly dünýä standartlaryna laýyk bolar. Bu ýerde 120 adamlyk garaşylýan zaly, 2 sany petek kassasy, ilkinji lukmançylyk kömegini bermek üçin otaglar, halkara aragatnaşyk nokady, goş saklanylýan bölüm, poçta, ýakymly kafeteriýalar, “СIP” zal, eneler we çagalar otagy, 30 ýerli naharhana ýolagçylaryň hyzmatynda bolar.

Kerki şäheriniň aeroport toplumynyň ösen gonalga hojalygy bolar. Onuň täze uçuş-gonuş zolagy “IKAO” halkara guramasynyň birinji derejesi boýunça uçuşlary üpjün edýän ýerüsti serişdeleri – ýewropanyň kompaniýalarynyň öndürýän uçarlary gije-gündiziň dowamynda uçurmaga we kabul etmäge mümkinçilik berjek yşykly signaly, meteorologiýa, aeronawigasiýa we radiotehnika abzallary bilen enjamlaşdyryldy.

Kerkiniň täze howa menziliniň gurluşygynyň tamamlanmagy sebitiň mundan beýläk-de depginli ösmegine, hemmetaraplaýyn peýdaly söwda-ykdysady we netijeli ynsanperwer gatnaşyklary we syýahatçylygy işjeňleşdirmäge ýardam eder.

Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzasy, uçar meýdanyny gurmaga hukuk gazanmak ugrundaky bäsleşikde ýeňiji bolan “Gündogdy” hususy kärhanasynyň raýat awiasiýasynyň şunuň ýaly infrastruktura desgalaryny ulanylyşa girizmekde ýeterlik tejribesi bar. Bu hususy gurluşyk kompaniýasy Lebap welaýatynyň merkezi şäheri Türkmenabatda Halkara howa menziliniň gurluşygyny üstünlikli tamamlady.

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022