Türkmenistanda Birleşen Milletler Guramasynyň täze düzümi – Taslama hyzmatlary boýunça müdirligi (UNOPS) 2022-nji ýylyň mart aýyna çenli Türkmenistanyň hassahanalaryna we lukmançylyk merkezlerine 2 million 800 müň ABŞ dollaryna barabar bolan lukmançylyk enjamlaryny hem-de serişdelerini satyn almak we üpjün etmek boýunça taslamany durmuşa geçirýär. Bu barada UNOPS-yň Awstriýadaky edarasynyň direktory Freýa fon Groote “Türkmenistanyň daşary syýasaty we diplomatiýasy” žurnalyna beren interwýusynda mälim etdi.
Freýa fon Grooteniň bellemegine görä, bu taslama UNOPS-yň esasy hyzmatdaşynyň biri bolan Ýaponiýanyň hökümetiniň goşandy bilen durmuşa geçiriler. Geljekki hepdelerde we aýlarda UNOPS Türkmenistanyň saglyk ulgamyny kämilleşdirmek hem-de ýurduň ilatynyň, saglygy goraýyş işgärleriniň bähbidine pandemiýa taýynlygyny ýokarlandyrmak üçin iş alyp barar.
UNOPS Türkmenistanyň hökümeti, Bütindünýä saglygy goraýyş guramasy bilen birlikde 15 sany hassahana we saglyk merkezlerine lukmançylyk enjamlaryny hem-de serişdelerini satyn almak we üpjün etmek boýunça ýakyndan işleşer. Şeýle hem, UNOPS lukmançylyk işgärlerini taýýarlar we hyzmatyň amatlylygy hem-de işleriň durnukly ýerine ýetirilmegi üçin kepillik hyzmatyny berer.
2020-nji ýylda UNOPS dünýäniň 80 ýurdunda umumy bahasy 2 milliard 200 million ABŞ dollaryndan geçýän 1000-den gowrak taslamany durmuşa geçirdi. “Türkmenistany lukmançylyk enjamlary bilen üpjün etmek arkaly saglyk ulgamyny kämilleşdirmek” boýunça taslamasy UNOPS-yň Türkmenistanda ilkinji amala amala aşyrjak işi bolar.