TNGIZT daşary ýurt kompaniýalaryndan 500 müň tonna ýakyn nebit alar

BIZNES TÜRKMENISTAN
TNGIZT daşary ýurt kompaniýalaryndan 500 müň tonna ýakyn nebit alar
TNGIZT Türkmenistanyň iň iri kärhanasy bolup, öz göwrümi boýunça nebiti gaýtadan işleýän öňdebaryjy konsernlere gabat gelýär.

Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumy (TNGIZT) 2021-nji ýylyň dowamynda Önümi paýlaşmak hakyndaky ylalaşyklar esasynda işleýän daşary ýurt kompaniýalaryndan 500 müň tonna ýakyn çig nebiti satyn alar. Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow anna güni Ministrler Kabinetiniň wideoaragatnaşyk ulgamy arkaly geçirilen mejlisinde degişli Karara gol çekdi.

Türkmenistanyň resmi metbugatynyň habar berşi ýaly, mejlisiň dowamynda wise-premýer Şahym Abdrahmanow gözegçilik edýän pudaklaryndaky işleriň ýagdaýy, çig nebitiň we tebigy gazyň gaýtadan işlenilýän mukdaryny artdyrmak barada hasabat berdi we Döwlet Baştutanymyzyň garamagyna “Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynyň çig nebiti satyn almagy hakyndaky” Kararyň taslamasy hödürledi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, ýurdumyzyň durmuş-ykdysady taýdan ösüşine saldamly goşant goşmaga gönükdirilen nebitgaz toplumynyň netijeliligini ýokarlandyrmagyň bu gün möhüm wezipe bolup durýandygyny nygtady.

Milli Liderimiz nebitgaz ulgamyny diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmegiň, innowasion esasda onuň düzümini döwrebaplaşdyrmagyň, ýurdumyzda hem-de daşary ýurtlarda uly isleg bildirilýän nebit önümleriniň öndürilýän mukdaryny artdyrmagyň bu ulgamyň öňünde goýlan wezipeleri üstünlikli çözmegiň ileri tutulýan ugurlarydygyny belläp, bu babatda anyk tabşyryklary berdi.

Hormatly Prezidentimiz degişli Karara gol çekip, ony sanly ulgam arkaly wise-premýere iberdi we şol resminamanyň düzgünleriniň talabalaýyk ýerine ýetirilmegini üpjün etmegi tabşyrdy.

TNGIZT Türkmenistanyň iň iri kärhanasy bolup, öz göwrümi boýunça nebiti gaýtadan işleýän öňdebaryjy konsernlere gabat gelýär. TNGIZT-niň düzümine iki zawod, köpsanly nebit bazalary we ýangyç guýujy beketleri girýär.

2022