Türkmenistan bilen Ukraina bilelikdäki işewürler geňeşini döreder

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkmenistan bilen Ukraina bilelikdäki işewürler geňeşini döreder
Ukrainanyň Daşary işler ministirligi, Kiýew, Ukraina

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredowyň we Ukrainanyň Daşary işler ministri Dmytro Kulebanyň arasynda anna güni geçirilen telefon arkaly söhbetdeşlikde türkmen-ukrain işewürlerini birleşdirjek işewürler geňeşini döretmek barada ylalaşdylar.

Ukrainanyň DIM-niň habar bermegine görä, gepleşikleriň dowamynda Dmytro Kuleba öňdebaryjy ukrain kompaniýalarynyň Türkmenistanda iri taslamalaryň durmuşa geçirilişine gatnaşmaga gyzyklanma bildirýändigini aýtdy. Raşid Meredow hem öz gezeginde, türkmen tarapynyň ukrain kompaniýalaryny ygtybarly hyzmatdaşlar hökmünde görýändigini we hyzmatdaşlygy giňeltmek isleýändigini belledi.

Şeýle hem, Ukrainanyň Daşary işler ministri lukmançylyk syýahatçylygy we oba hojalygy ýaly täze ugurlarda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy ösdürmegi teklip etdi.

Dmytro Kuleba ýüzbe-ýüz duşuşyklary we işewür gepleşikleri işjeňleşdirmek maksady bilen Aşgabat – Kiýew hem-de Aşgabat – Lwow ugry boýunça göni howa gatnawlaryny täzeden ýola goýmagyň möhümdigini aýtdy.

Şeýle hem, ministrler Kiýewdäki ykdysady, medeni we ynsanperwer hyzmatdaşlyk boýunça bilelikdäki Hökümetara türkmen-ukrain toparynyň bäşinji mejlisine görülýän taýýarlyk işleri barada pikir alyşdylar.

Mundan başga-da, ýokary derejeli resmiler Türkmenistan bilen Ukrainanyň ornunyň aýratyn ähmiýete eýe bolmagyna garaşylýan Merkezi Ýewropa bilen Merkezi Aziýanyň arasynda täze logistika ugurlaryny ösdürmegiň geljegine garadylar.

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022