Daşary ýurt işewürleri türkmen nebithimiýa we pagta önümlerini satyn aldylar

BIZNES TÜRKMENISTAN
Daşary ýurt işewürleri türkmen nebithimiýa we pagta önümlerini satyn aldylar
Russiýa, Türkiýe, Azerbaýjan döwletleriniň wekillerine daşary ýurt puluna tüýjümek önümler we nah ýüplük ýerlenildi.

Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynda geçen hepdede daşary ýurt puluna geçirilen söwdalaryň möçberi 2 million 252 müň ABŞ dollaryndan gowrak boldy. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty duşenbe güni habar berdi.

Daşary ýurt walýutasyna Beýik Britaniýanyň telekeçileri “Türkmengaz” döwlet konserninde öndürilen ECO-93 belgili awtoulag benzinini satyn aldylar.

Bulardan başga-da, Russiýa, Türkiýe, Azerbaýjan döwletleriniň wekillerine daşary ýurt puluna  tüýjümek önümler we nah ýüplük ýerlenildi.

Birleşen Arap Emirlikleriniň we Türkiýäniň işewürler toparlarynyň wekilleri bahasy 822 müň manatlykdan gowrak nah ýüplügi satyn aldylar.

Ýurdumyzyň telekeçileri içerki bazar üçin Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda (TNGIZT) öndürilen nebit koksuny, “Türkmengaz” döwlet konserninde öndürilen ýokary dykyzlykdaky polietileni we polipropileni, el halylaryny hem-de pagta süýümini satyn aldylar. Geleşikleriň umumy bahasy 590 million manada golaý boldy.

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 176-sy hasaba alyndy.

2022