Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow YHG-nyň sammitine gatnaşdy

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow YHG-nyň sammitine gatnaşdy
Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Yslam Hyzmatdaşlyk Guramasynyň (YHG) çarşenbe güni wideoaragatnaşyk ulgamy arkaly geçirilen ylym we tehnologiýalar boýunça ikinji sammitine gatnaşdy. Sammitiň dowamynda Milli Liderimiz YHG-nyň agza döwletleri üçin hakyky netijeleri berer ýaly ylym we tehnologiýa hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlaryny teklip etdi.

Türkmenistanyň resmi metbugatynyň habar bermegine görä, “Ylym, tehnologiýa we innowasiýalar: täze gözýetimler açylýar” atly onlaýn sammite birnäçe döwletleriň Baştutanlary, bu gurama agza ýurtlaryň ugurdaş ministrlikleriniň we beýleki degişli düzümleriniň ýolbaşçylary gatnaşdylar.

Forumyň gün tertibine ýokarda agzalan ugurlardaky gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmegiň, 2026-njy ýyla çenli döwür üçin YHG-nyň Maksatnamasyny durmuşa geçirmegiň meseleleri girizildi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow sammitiň dowamynda eden çykyşynda YHG-nyň agza döwletleri üçin hakyky netijeleri berer ýaly ylym we tehnologiýa hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlaryny belledi.

Milli Liderimiz bu ugurlaryň hatarynda birinjiden düýpli ylmy ösdürmek, netijeli ylmy çözgütleri bilelikde gözlemek, örän möhüm bolan barlag işleriniň, aýratyn-da, lukmançylyk we saglygy goraýyş pudagynyň netijelerini alyşmak üçin usullary döretmek boýunça gatnaşyklary ýola goýmagy teklip etdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ikinjiden, YHG-nyň giňişliginde suw, azyk we ekologiýa howpsuzlygynyň ýeke-täk konsepsiýasyny ýa-da esasy kadalaryny emele getirmek boýunça işleri güýçlendirmegi teklip edýäris diýip, bu barada 2026-njy ýyla çenli ylmy-tehniki hyzmatdaşlyk maksatnamasynda anyk aýdylýandygyny belledi.

“Üçünjiden, biz “uly maglumatlar” ulgamyny we howpsuz sanly ykdysadyýetiň bilelikdäki gurluşyny döretmek boýunça ozal kesgitlenen wezipeleriň ähmiýetini bellemek bilen, şu maksatlara ýetmekde üstünlikli işimizi üpjün edýän iki sany aýrylmaz meseläni aýratyn nygtaýarys. Anyk aýdylanda, olar aýry-aýry ýurtlarda, uly sebitlerde ygtybarly fiziki üpjünçilik ulgamlaryny döretmek hem-de sebitara derejede musulman ýurtlarynyň üpjünçilik ulgamlarynyň goşulyşmagydyr. Şeýle hem Ylym we tehnologiýalar ulgamynda hyzmatdaşlyk boýunça hemişelik komitetiň teklip eden YHG gatnaşýan ýurtlaryň çäklerinde ýokary öndürijilikli kompýuter merkezleriniň binýadynda maglumatlaryň bitewi sanawlarynyň nusgalaryny döretmekdir” diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow sammitde eden çykyşynyň dowamynda aýtdy.

Döwlet Baştutanymyz çykyşynyň ahyrynda duşuşyga gatnaşyjylara ýüzlenip, bu sammitiň YHG agza döwletleriň ösüşiniň we öňe gitmeginiň bähbidine musulman dünýäsiniň agzybirligini berkitmekde ähmiýetli ädimdigini belledi hem-de hemmelere berk jan saglyk, YHG-nyň agza döwletleriniň halklaryna bolsa parahatçylyk, abadançylyk we gülläp ösüş arzuw etdi.

Türkmenistan 1992-nji ýyldan bäri Yslam Hyzmatdaşlyk Guramasynyň agzasy bolup durýar. Bu halkara guramanyň 1969-njy ýylda esaslandyrylandygyny bellemek gerek. Onuň ştab-kwartirasy Saud Arabystany Patyşalygynyň Jidda şäherinde ýerleşýär. Şu güne çenli dünýäniň 57 döwleti bu guramanyň agzasy bolup durýar. Birnäçe ýurtlar we iri guramalar, şol sanda BMG, Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasy, Goşulyşmazlyk Hereketi bu guramada synçynyň derejesine eýedir.