Türkmen energiýa serişdeleriniň Ýewropa bazarlaryna iberilmegi maslahatlaşyldy

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkmen energiýa serişdeleriniň Ýewropa bazarlaryna iberilmegi maslahatlaşyldy
Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow bilen Ýewropa Bileleşiginiň Merkezi Aziýa boýunça Ýörite wekili Piter Burianyň Aşgabatdaky duşuşygy

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde çarşenbe güni Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Daşary işler ministri Raşid Meredowyň Aşgabada iş sapary bilen gelen Ýewropa Bileleşiginiň Merkezi Aziýa boýunça Ýörite wekili Piter Burian bilen duşuşygy geçirildi. Duşuşygyň dowamynda türkmen energiýa serişdelerini Ýewropa bazarlaryna çykarmakda işleri ilerletmäge iki tarapyň ygrarlydygy bellenildi.

Türkmenistanyň DIM-niň habar berişi ýaly, Merkezi Aziýa üçin ÝB-niň Strategiýasyny durmuşa geçirmek boýunça pikir alşyldy. Türkmenistanyň “Gündogar-Günbatar” ugur boýunça, şol sanda “Hazar deňzi-Gara deňzi”, “Lapis-Lazuli” geçelgeleri babatda sebit derejeli ulag we energiýa taslamalary durmuşa geçirmekde ýewropa tarapynyň goldawyny makullaýandygy bellenildi.

Şeýle-de taraplar alternatiw energiýany ornaşdyrmak babatda hyzmatdaşlygy giňeltmegiň mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdylar.

Taraplar medeni hyzmatdaşlygyň, şol sanda yzygiderli geçirilýän adam hukuklary boýunça “Türkmenistan – ÝB” Dialogyň ähmiýetini nygtadylar. Hünär-tehniki bilim boýunça taslamalary durmuşa geçirmegi dowam etdirmek babatda iki tarapyň gyzyklanmalary beýan edildi.

Şeýle-de çarşenbe güni Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Türkmenistanyň Ýokary gözegçilik edarasynyň Başlygy Serdar Berdimuhamedow Piter Buriany kabul etdi. Duşuşygyň dowamynda taraplar howpsuzlyk, energiýa, ulag, daşky gurşawy goramak we beýleki ulgamlarda hyzmatdaşlygy berkitmek bilen bagly pikir alyşdylar.

Duşuşygyň dowamynda, ÝB-niň döwletleri bilen söwda-ykdysady gatnaşyklary we medeni-ynsanperwer alyş-çalyşmalary mundan beýläk-de giňeltmek bilen bagly hem pikir alşyldy.

Milli ykdysadyýetiň esasy pudaklaryny sanlylaşdyrmagyň işjeň prosesleri bilen baglylykda, türkmen tarapy bu ugurda ýewropa hünärmenleriniň nou-hauna gyzyklanmasyny beýan etdi.

Ýewropa Bileleşiginiň Merkezi Aziýa boýunça Ýörite wekili Piter Burianyň Aşgabada iş saparynyň çäklerinde Türkmenistanyň degişli edaralarynyň birnäçesiniň wekilleri bilen duşuşyklary geçirmek göz öňünde tutulýar.