Türkmen-täjik hökümetara toparynyň 10-njy mejlisine taýýarlyk işleri maslahatlaşyldy

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkmen-täjik hökümetara toparynyň 10-njy mejlisine taýýarlyk işleri maslahatlaşyldy
Gepleşigiň dowamynda taraplar iki ýurduň arasyndaky söwda-ykdysady gatnaşyklaryny ösdürmek boýunça bar bolan mümkinçiliklere seretdiler

Söwda-ykdysady we ylmy-tehniki hyzmatdaşlyk boýunça bilelikdäki türkmen-täjik hökümetara toparynyň geçiriljek 10-njy maslahatyna taýýarlygyň çäklerinde penşenbe güni wideoaragatnaşyk ulgamy arkaly maslahat geçirildi. Maslahata bu toparyň türkmen tarapynyň ýolbaşçysy, Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministri Muhammetgeldi Serdarow hem-de toparynyň täjik tarapynyň ýolbaşçysy, Täjigistanyň Energetika we suw serişdeleri ministri Juma Şofakir gatnaşdylar.

Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrliginiň resmi sahypasynda habar berlişi ýaly, maslahata şeýle-de Täjigistan Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Farruh Şarifzada hem-de ministrlikleriň degişli wekilleri hem gatnaşdylar.

Gepleşigiň barşynda, türkmen-täjik hökümetara iş toparynyň täjik tarapynyň ýolbaşçysy Juma Şofakir Söwda-ykdysady we ylmy-tehniki hyzmatdaşlyk boýunça bilelikdäki türkmen-täjik hökümetara toparynyň nobatdaky 10-njy mejlisiniň geçirilmegi üçin türkmen tarapynyň wekiliýetini Duşanbe şäherine çagyrdy we nobatdaky hökümetara toparynyň mejlisiniň 2021-nji ýylyň 28-29-njy iýuly aralygynda geçirilmegini teklip etdi.

Ministr Muhammetgeldi Serdarow öz gezeginde, Duşanbe şäherine bolan çakylyk üçin minnetdarlyk bildirip, hökümetara toparynyň nobatdaky 10-njy mejlisiniň geçirilmegi üçin teklip edilen senäni makullady.

Şeýle hem, täjik Ilçisi Farruh Şarifzada agzalan mejlisiň geçirilmegi boýunça häzirki wagtda alnyp barylýan işler barada gysgaça gürrüň berdi.

Mundan başga-da, gepleşigiň dowamynda taraplar iki ýurduň arasyndaky söwda-ykdysady gatnaşyklary ösdürmek boýunça bar bolan uly mümkinçiliklere seretdiler. Energetika, senagat, oba we suw hojalyk, ulag-aragatnaşyk pudaklary ýurtlaryň arasyndaky hyzmatdaşlygyň geljegi uly ugurlary hökmünde kesgitlenildi.

2019-njy ýylyň 1-nji noýabrynda Aşgabatda Söwda-ykdysady we ylmy-tehniki hyzmatdaşlyk boýunça bilelikdäki türkmen-täjik hökümetara toparynyň dokuzynjy mejlisi geçirilipdi. Mejlisde birek-birege iberilýän harytlaryň görnüşini we mukdaryny hem-de edilýän hyzmatlaryň gerimini giňeltmegiň, telekeçilik düzümleriniň arasynda göni gatnaşyklary ýola goýmagyň zerurdygy nygtaldy.

2022