Türkmenistanda ýokanç keselleriň öňüni almak boýunça alnyp barylýan işler güýçlendirilýär

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkmenistanda ýokanç keselleriň öňüni almak boýunça alnyp barylýan işler güýçlendirilýär
Döwlet Baştutanymyz daşary ýurtlardan gelýän raýatlary hökmany 21 gün karantin gözegçiliginde saklamagyň zerurdygyna ünsi çekdi.

Dünýäde koronawirus pandemiýasy bilen bagly ýagdaýlaryň ýaramazlaşmagy sebäpli, Türkmenistanda ýokanç keselleriň öňüni almak boýunça alnyp barylýan işler güýçlendirilýär.

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow anna güni Türkmenistanyň Keselleriň ýaýramagyna garşy göreşýän adatdan daşary toparynyň mejlisini geçirdi. Onda ýurdumyzyň raýatlarynyň howpsuzlygyny üpjün etmek bilen baglanyşykly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy hem-de COVID-19 pandemiýasyna garşy durmak boýunça gaýragoýulmasyz wezipeler kesgitlenildi. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty habar berýär.

Döwlet Baştutanymyz mejlisi açyp, dünýäde koronawirus keseli bilen bagly ýagdaýlaryň ýaramazlaşmagy zerarly, şu gün Türkmenistanyň Keselleriň ýaýramagyna garşy göreşýän adatdan daşary toparynyň mejlisini geçirmek barada karara gelnendigini belledi. Şeýle hem, milli Liderimiz häzirki wagtda dünýäde koronawirus keseliniň täze-täze görnüşleri ýüze çykýandygyny hem-de aýry-aýry ýurtlarda onuň eýýäm 14 müňden gowrak görnüşi hasaba alynandygyny aýtdy.

Soňra Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministri, Türkmenistanyň Keselleriň ýaýramagyna garşy göreşýän adatdan daşary toparynyň başlygy Nurmuhammet Amannepesow COVID-19 pandemiýasynyň ýurdumyzyň çägine aralaşmagynyň we ýaýramagynyň öňüni almak boýunça amala aşyrylýan işler barada hasabat berdi.

Ministr dünýäde epidemiologik ýagdaýlaryň durnuksyzdygyny we wirusyň dürli görnüşleriniň ýüze çykýandygyny göz öňünde tutup, daşary ýurtlara gidip-gelen raýatlarymyz karantin gözegçiliginde saklanylýandygyny belledi.

Şeýle hem ministr Nurmuhammet Amannepesow Aşgabat şäheriniň we welaýatlaryň halkara howa, awtoulag hem-de demir ýol menzillerinde, ulaglaryň ähli görnüşlerinde, söwda merkezlerinde, bazarlarda, jemgyýetçilik iýmiti we azyk önümçiligi kärhanalarynda, bilim edaralarynda arassaçylyk kadalary berk berjaý edilýändigini aýtdy.

Ministr häzirki döwürde dünýä döwletlerinde koronawirus ýokanjy bilen bagly epidemiologik ýagdaý çylşyrymly bolmagynda galýandygyny belläp, şeýle ýagdaý käbir ýurtlarda epidemiologik ýagdaýlara ygtybarly baha berilmän, arassaçylyk we keselleriň ýaýramagyna garşy göreşmegiň düzgünleriniň talabalaýyk ýerine ýetirilmändigi netijesinde döreýändigini nygtady.

Köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň hem-de Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasynyň berýän maglumatlaryna laýyklykda, soňky döwürde COVID-19 ýokanjynyň mutasiýa geçen täze, tiz ýaýraýan, agressiw, agyr geçýän we kynlyk bilen bejerilýän görnüşleri döredi. Wirusyň täze görnüşleri raýatlaryň bir ýurtdan beýleki bir ýurda geçip, wirusyň dürli görnüşlerini ýaýratmagy netijesinde döreýändigini Nurmuhammet Amannepesow öz hasabatynda belledi.

Ýokarda agzalyp geçilişi ýaly, dünýäde dörän çylşyrymly epidemiologik ýagdaýlar ýurdumyzda alnyp barylýan netijeli öňüni alyş çäreleriniň güýçlendirilmegini talap edýändigini Türkmenistanyň Keselleriň ýaýramagyna garşy göreşýän adatdan daşary toparynyň başlygy aýtdy.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow mejlise gatnaşyjylara ýüzlenip, biziň halkymyzda: “Il saglygy — ýurt baýlygy” diýilýändigini nygtady. Ýokanç keselleriň öňüni almak boýunça alnyp barylýan işleri güýçlendirmegiň nobatdaky çärelerini geçirmek maksady bilen, milli Liderimiz gaýragoýulmasyz wezipeleriň birnäçesini kesgitledi.

Ilki bilen, döwlet Baştutanymyz daşary ýurtlardan gelýän raýatlary hökmany 21 gün karantin gözegçiliginde saklamagyň we soňra öý şertlerinde gözegçiligi dowam etmegiň zerurdygyna ünsi çekdi. Şonuň bilen birlikde, ilatyň arasynda COVID-19 ýokanjyna garşy sanjym etmegi hem-de daşary ýurtlardan COVID-19 ýokanjyna garşy sanjymlary satyn almagy dowam etmeli diýip, milli Liderimiz aýtdy.

Hormatly Prezidentimiz ýokanç keselleriň öňüni almak boýunça alnyp barylýan işleri güýçlendirmek babatda dürli tabşyryklary berdi.

Milli Liderimiz ýurdumyzyň ähli ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň hem-de eýeçiligiň görnüşine garamazdan, hemme edara-kärhanalaryň Türkmenistanyň Keselleriň ýaýramagyna garşy göreşýän adatdan daşary toparynyň çözgütlerini gyşarnyksyz berjaý etmelidigini aýdyp, bu mesele boýunça yzygiderli hasabat berip durmagy tabşyrdy.

Maliýe we ykdysadyýet ministrligine ýurdumyzyň ähli ilaty babatda zerur bolan sanjymlary satyn almak üçin gerek bolan serişdeleri bermek tabşyryldy.

Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasynyň maglumatlaryna görä, Türkmenistanda COVID-19 ýokanjy bilen kesellän raýat hasaba alynmady.

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022